Sepleriň elýeterliligi

Nebit-gaz ministrligi ýatyryldy, ýer 'hususy eýeçilge berilmeli'


Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow

Türkmenistanda hökümetiň ýurdy durmuş-ykdysady ösdürmek boýunça alty aýda edilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisi geçirilip, Nebit-gaz ministrligi ýatyryldy, ýerleri hususy eýeçilige bermelidigi boýun alyndy.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow nebit-gaz pudagynda alty aýyň dowamynda edilen işler barada berlen hasabaty diňläp, ozaly «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň başlygy A.Kakaýewi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.

Soňra ol ýurduň Nebit-gaz ministrligini ýatyrmak kararyna gelendigini habar berdi.

Türkmen lideriniň sözlerine görä, ol bu karara «nebit-gaz toplumyny dolandyrmagy mundanam beýläk kämilleşdirmek, umuman bu pudagyň işini has-da gowulandyrmak, hem-de maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagyny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen» gelipdir.

Ýatyrylan ministrligiň esasy wezipeleri Ministrler kabinetiniň başlygynyň nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň garamagyna berilýär. Şeýle-de, ýatyrylýan ministrligiň käbir edaralary, degişliligi boýunça, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň garamagyna geçiriler.

Mundanam başga, Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň hem işini bes etmek karar edildi. Bu agentligiň ähli meselesi, degişliligi boýunça, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine geçiriler.

Ahal welaýatynyň daýhan birleşiklerinde her gektardan ortaça 16 sentner, hususy hojalyklarynda bolsa bir gektardan 63 sentnere çenli däne alynýar.

Bu agentligiň serişdeleriniň bolsa, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen programmalary üpjün etmek üçin, merkezi banka geçirilýändigi aýdyldy.

Prezident ýatyrylan ministrligiň we agentligiň işgärlerini iş bilen üpjün etmek barada hem tabşyryk berdi, ýöne bu tabşyrygyň nähili esasda ýerine ýetirilmedigini aýtmady.

Mundan ozal, ýurduň nebit-gaz pudagynyňýerlerdäki edaralarynda iş orunlarynyň kemeldilýändigi, işgärleriň tölegsiz dyn alyşlara ugradylýandygy barada habarlar çykypdy.

Emma muňa garamazdan, Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde berlen hasabatda hem, adat bolşy ýaly, ýurduň nebit-gaz toplumynyň işiniň netijeliligini tassyklaýan uly sanlar getirildi.

Mundanam başga, prezident Berdimuhamedow mejlisde bir tarapdan gowy galla hasylynyň alnandygyny belläp, ikinji tarapdan, oba hojalyk toplumyny maliýeleşdirmek üçin goýberilen serişdelere, döredilýändigi aýdylýan amatly ýagdaýlara garmazdan,düýpli gowulaşmanyň ýokdugyny boýun aldy.

Şeýle-de ol, ozalky kolhoz-sowhozlaryň ýerine döredilip, ýokardan berlen görkezme esasynda işledilýän daýhan birleşikleriniň gektardan alynýan hasyllylyk babatda yzda galýandygyny tassyk etdi.

«Ahal welaýatynyň daýhan birleşiklerinde her gektardan ortaça 16 sentner, hususy hojalyklarynda bolsa bir gektardan 63 sentnere çenli däne alynýar» diýip, prezident aýtdy.

Prezident şu ýagdaýdan ugur alyp, ýerleri daýhanlara hususy eýeçilige ýa-da uzak möhletleýin kärendä bermek baradaky kanunlary taýýarlamagy tabşyrdy.

Gepiň gerdişine aýdylsa, ozalky prezident S.Nyýazow hem öz oba syýasatynyň netijesiz bolandygyny tassyklap, ýerleriň hakyky eýesini tapmalydygyny aýdypdy. Ýöne Türkmenistanda ýeri hususy eýeçilige bermek, näme üçindir, gijikdirilip gelindi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG