Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň başlygy "ýekeligiň çykalga däldigini" duýdurýar


Jens Stoltenberg
Jens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Günbataryň öz iň uly howpsuzlyk synaglarynyň käbiri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny we ony «ýeke garşylamagyň çykalga däldigini» aýtdy.

Stoltenberg 13-nji noýabrda Britaniýanyň «Observer» gazetinde çap edilen makalasynda, ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň NATO babatdaky garaýyşlarynyň döreden aladalary bilen baglylykda, «biz öz neslimizdäki iň uly howpsuzlyk synaglarymyz bilen ýüzbe-ýüz bolýarys» diýdi.

"Bu mahal Ýewropa bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy sorag astyna almagyň wagty däl" diýip, Stoltenberg aýtdy.

Tramp özüniň saýlaw kampaniýasy mahalynda Waşingtonyň howp abanan NATO ýaranyna, eger goranyş tölegini deň çekişmedik bolsa, kömege gelip-gelmezlik barada pikir etmelidigini aýdypdy.

Bu sözler NATO-nyň düzgünnamasynyň 5-nji maddasyndan gelip çykýan kollektiw goranyş borçnamalaryna şübhe kölegesini saldy.

Stoltenberg 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlara edilen terror hüjümlerinden soň, NATO-nyň «birimize hüjüm edilmegi ählimize hüjüm edilmegi» diýen ýörelgesine eýerilendigini belledi. Ol 1 müň çemesi ýewropa esgeriniň Owganystanda gulluk edýändigini weolaryň 11-nji sentýabr hüjümlerine göni jogap hökmünde «iň ýokary töleg töländiklerini» hem sözüne goşdy.

Stoltenberg NATO -nyň Ýewropa integrasiýasyna mümkinçilik döredendigini we Sowuk urşy tamamlandygyny aýtdy. Şeýle-de ol ýewropa liderleriniň bu ýolda ýeke bolmagyň çykalga däldigine hemişe düşünendiklerini belledi.

Stoltenberg NATO terrorçylyga garşy göreşde şindi hem uly rol oýnaýar we «Orsýetiň has gödeňsileşmegine» gaýtawul berdi diýdi.

Emma muňa garamazdan, ABŞ häzir NATO harajatlarynyň 70 prosentini çekýär we Stoltenberg ýewropa ýurtlarynyň howpsuzlyk ýaranlygyna goşýan maliýe goşantlaryny ýokarlandyrmalydyklaryny hem oýun aldy.

XS
SM
MD
LG