Sepleriň elýeterliligi

AI Hudaýberdi Allaşowy goldamak ücin gyssagly herekete çagyrýar


AI-niň logosy

Halkara günä geçiş guramasy Türkmenistanda gynalýan garaşsyz žurnalist Hudaýberdi Allaşowy goldamak üçin gyssagly herekete geçilmegine çagyrýar.

«Žurnalist Hudaýberdi Allaşow Türkmenistanda 3-nji dekabrda öz aýaly we ejesi bilen bilelikde tussag edildi, ol öýünde nas saklamakda aýyplanýar we eger günäli tapylsa, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm ediler. Žurnalistiň ejesi hem tussaglykda saklanylýar» diýip, Halkara günä geçiş guramasynyň 8-nji noýabrda Londondan ýaýradan beýanatynyň başynda aýdylýar.

"Amnesty International", özüne gowşan maglumata görä, kanun goraýjy resmileriň ýaragly toparynyň 3-nji dekabrda Hudaýberdi Allaşowyň öýüne girip, onuň öýünden nas tapandygyny ýazýar we olaryň öý dökmek üçin kanuny esasynyň, sud kararynyň bolup-bolmandygynyň aýdyň däldigini belleýär.

«Öý döken resmiler Hudaýberdi Allaşowy urup-ýençdiler. Ol ejesi bilen bilelikde nas saklamakda aýyplandy. Türkmenistanda nas saklamak, ulanmak, satmak, äkitmek we öndürmek bikanun» diýip, AI nasyň Türkmenistanda adatça ulanylýan zatdygyna we mundan öň nas atanyň tussag edilen halatynyň bilinmeýändigine ünsi çekýär.

"Amnesty International" guramasynyň alan maglumatyna görä, Hudaýberdi Allaşow gynag astynda we beýleki ýowuz daraşmalar netijesinde özünde 11 kg nasyň bolandygyny «boýun alypdyr». Bu jenaýatda günäli tapylsa, oňa ýedi ýyl türme tussaglygynyň berilmegi mümkin. Onuň ejesi henizem türme saklanylýar diýip bilinýär, emma bu ýagdaý barada goşmaça maglumat ýok diýip, beýanatda aýdylýar.

Žurnalistiň aýaly 3-nji dekabrda tussaglykdan boşadyldy. Birnäçe çeşmäniň beren maglumatyna görä, Hudaýberdi Allaşow häzir Köneürgenç şäher polisiýasynyň ýerzemininde saklanylýar. Onuň saglyk ýagdaýy ýaramaz, urlup-ýenjilmekden ýaňa ýüzi-gözi çiş we gök tegmillere basyrylan diýip, AI ýazýar.

Hudaýberdi Allaşow Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy we ol garaşsyz žurnalist hökmündäki işjeňlikleri sebäpli nyşana alnana çalym edýär.

Hudaýberdi Allaşow «Mekan Täşliýew» lakamy bilen azyk ýetmezçiligi, mejbury pagta ýygdyrylyşy, aýlyklaryň gijikdirilmegi barada maglumat berdi. Häkimiýetler ýurduň içindäki žurnalistleriň tankydy mazmunly habarlaryna çydamsyz garaýarlar we bu işe gaýrat tapanlaryň garşysyna agyr öç alyş çärelerini, şol sanda galp aýyplamalar esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekmegi ulanyp gelýärler.

AI garaşsyz žurnalistiň goragyna türkmen, rus we iňlis dillerinde türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip hat ýazmaga çagyrýar.

Halkara günä geçiş guramasy Türkmenistanyň prezidentiniň, daşary işler ministriniň, baş prokurorynyň atlaryny, adreslerini görkezip, olaryň adyna Hudaýberdi Allaşowyň we onuň ejesiniň garşysyna bildirilen nas saklamak aýyplamasyny ýatyrmak, žurnalistiň gynalmagyny we beýleki ýowuz daraşma faktlaryny derňemek, günäkärleri jogapkärçilige çekmek, Türkmenistanda söz azatlygy hukugyna hormat goýulmagyny hem-de başga pikir üçin ar almagy bes etmek barada talapnama ibermäge çagyrýar.

Gorkuzmak taktikasy

Garaşsyz žurnalist Hudaýberdi Allaşowa hem-de onuň maşgala agzalaryna garşy edilýän basyşlar amerikan kongresinde hem alada döretdi.

Serhetsiz reportýorlar guramasynyň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar boýunça ofiseri Margaux Ewen Birleşen Ştatlaryň Kongresinde, Toma Lantos adam hukuklary komissiýasynyň diňlenişiginde garaşsyz žurnalistleriň sesleriniň sem ediliş usullaryna ünsi çekip, şeýle diýdi:

"Men siziň ünsüňizižurnalistleri ýuwaşatmak üçin olaryň maşgala agzalaryny gorkuzmak usulynyň ulanylyşyna çekmek isleýärin.Özem bu iki sany ýurtda aýratyn göze ilýär. Olaryň biri, biraz öň başlygyň belleýşi ýaly, Türkmenistan. Bagyşlaň, men onuň adyny dogry aýdyp bilmeýärin, emma familiýasy Allaşow. Ol Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy. Siziň ähliňiziň bilşiňiz ýaly, bu radio ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Onuň – Allaşowyň ejesi 3-nji dekabrdan bäri, nas saklamak aýyplamasy bilen tussaglykda saklanýar. Onuň žurnalistiň ejesi bolandygy üçin tussag edilmeginiň özi basyş taktikasy bolup durýar» diýip, Margaux Ewen aýtdy.

XS
SM
MD
LG