Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň Migrasiýa gullugy daşary ýurt pasport bermegi yza çekýär, “para soraýar”


Türkmenistanyň daşary ýurt pasporty
Türkmenistanyň daşary ýurt pasporty

Lebap welaýatynda daşary ýurt pasportlaryny almaga arza tabşyrmak üçin ençeme aýa çekýän uly nobatlar bilen bir wagtda, dokumentleriň taýýarlanmagy we berilmegi hem ençeme aýa uzaýar. Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan raýatlar Migrasiýa gullugynyň käbir işgärleriniň paranyň öwezine, pasportlary has gysga wagtyň içinde taýýarlap bermegi açyk teklip edýändiklerini aýdýarlar.

Şu ýyl uçurym bolan faraply Mähri (ady üýtgedilen – red.) ýurduň öz içindäki ýokary okuw jaýlaryna girip bilmäninden soň, koronawirus aladalary sebäpli çäklendirilen halkara gatnawlary ýaňadandan ýola goýulan pursady, ilkinji nobatda daşary ýurtlaryň birine ýokary okuwa gitmek üçin eýýämden taýýarlyk görüp başlady.

Mähriniň daşary ýurt – biometriki pasportyny almakdaky başdan geçirenlerine geçmezden ozal, ýurtda orta mekdeplerinden her ýyl uçurym bolýan ýaşlaryň sany göz öňünde tutulanda, ýokary okuwa kabul edilýänleriň sanynyň ujypsyz bolmagynda galýandygyny, bu sebäpli ýaşlaryň daşary ýurtlaryň, esasan hem Türkiýe, Russiýa, Belarus, Ukraina ýaly döwletleriň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga meýil edýändiklerini belläp geçýäris. Mundan başga-da, giriş synaglaryndaky korrupsiýanyň, para-berimiň ýaşlaryň ýurduň öz içinde ýokary bilim almagyna hem böwet bolýandygy nygtalýar.

“Migrasiýa [gullugyna] baranymda, nobatymyň baryp 2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda ýetjekdigini, şonda dokumentlerimi tabşyryp biljekdigimi aýtdylar. Ondan soň hem pasportyň azyndan iki aýyň dowamynda taýýar ediljekdigini mälim etdiler” diýip, Mähri lebaply habarçymyza 24-nji awgustda gürrüň berdi.

Ol soňundan Migrasiýa gullugynyň şol işgäriniň pasporty has gysga wagtyň içinde almak mümkinçiliginiň hem bardygyny ýaňzydandygyny sözüne goşdy.

“Işgär ‘munça wagt garaşmak islemeseň, pasportyňy iki hepdede hem taýýar edip bolýar’ diýip, usullyk bilen aýtdy. Ol munuň üçin özüne 3 müň manat para bermeli boljakdygymy duýdurdy” diýip, Mähri maşgalasynyň onsuz hem gün-güzeranyny zordan aýlaýandygyny, bu mukdarda para bermäge ýagdaýlarynyň ýokdugyny aýdyp gaýdandygyny belledi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça bölüminden kommentariýa ýa-da goşmaça maglumat almak başartmady.

Türkmenistanda daşary ýurt pasportlaryny almak islegleriniň artmagy ilatyň daşary ýurtlara köpçülikleýin gidýän döwründe ýüze çykdy. Ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda häkimiýetler ýurt raýatlarynyň iş, gazanç gözleginde, şol sanda okuw üçin hem ýurduň daşyna, hususan-da Türkiýe we Russiýa ýaly ýurtlara çykmagynyň ýoluny baglamak üçin tagalla edip gelýärler. Mundan başga-da, geçen aý býujet işgärlerine biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmak hem gadagan edilipdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa meselesini agzamaýarlar, şeýle-de ilatyň migrasiýa derejesini, hatda ýurt ilatynyň sanyny resmi derejede yglan etmeýärler. Emma Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistany terk edýän raýatlaryň göz-görtele köpelendigini we häzir ýurtda 2,7 million töweregi adamyň galandygyny belleýärler.

Türkmenistanyň Baş kanunynda ýurt raýatlarynyň hereket azatlygyna kepil geçilýär. Muňa garamazdan, türkmen hökümeti, koronawirus bilen bagly girizilen hereket çäklendirmelerinden ozalam, öz raýatlarynyň ýurduň içindäki hereket azatlygyny we daşary ýurtlara sapar etmek hukugyny yzygiderli çäklendirip geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG