Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ÝOJ giriş synaglary “ýokarlanan para möçberleri” bilen dowam edýär


Türkmenistanyň orta mekdeplerinden her ýyl uçurym bolýan ýaşlaryň sany göz öňünde tutulanda, ýokary okuwa kabul edilýänleriň sany ujypsyz bolmagynda galýar.

Türkmenistanda pandemiýa gadagançylyklarynyň, şol sanda hereket çäklendirmeleriniň arasynda welaýatlarda Aşgabadyň ýokary okuw jaýlary üçin giriş synaglary dowam edýär. Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary ýurduň daşyna çykmak mümkinçilikleriň hem çäklendirilmegi bilen, bu ýyl ýurduň öz ÝOJ-laryna girmek isleýän ýaşlaryň, geçen ýylkylar bilen deňeşdirilende, telim esse köpdügini belleýärler. Galyberse-de, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň we giň ýaýran işsizligiň fonunda, okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden para almak tejribesi hem dowam etdirilýär.

“Penşenbe güni Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri, abiturientlerden giriş synaglaryny kabul etmek üçin, Türkmenabada geldiler. Häzire çenli iki tapgyrda gelen mugallymlaryň sany 30 töweregi bolup, olar ‘Berkararlyk’ çagalar lagerinde ýerleşdirildi. Olar şäheriň orta mekdepleriniň birnäçesinde dalaşgärlerden giriş synaglaryny alýarlar” diýip, lebaply bilim işgärleriniň biri anonimlik şertinde 13-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek kampaniýasy 12-nji iýulda başlanyp, ol 27-nji awgusta çenli dowam eder. Koronawirus çäklendirmeleri sebäpli, bu ýylky giriş synaglaryny Aşgabat bilen birlikde, welaýat merkezlerinde hem geçirmek barada karar edildi.

Mundan başga-da, häkimiýetler geçen ýyllardan tapawutlykda, bu ýyl näçe adamyň ýokary okuw mekdepleriň talyby boljakdygyny aýdyňlaşdyrmadylar. Geçen okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 student we orta hünär okuw mekdeplerine 9 müň 490 okuwçy kabul edilipdi. Türkmenistanyň orta mekdeplerinden her ýyl uçurym bolýan ýaşlaryň sany göz öňünde tutulanda, ýokary okuwa kabul edilýänleriň sany ujypsyz bolmagynda galýar.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinden her ýyl uçurym bolýan ýaşlaryň sany, türkmen hökümetiniň mundan ozalky ýyllarda çap eden sanlaryna görä, 100 müň çemesi bolup, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýänleriň sany hem ortaça 25 müňe barabar bolýar.

Ozalky ýyllarda ýurduň çägindäki ÝOJ-lara girip bilmedik ýaşlar daşary ýurtlaryň, esasan hem Türkiýe, Russiýa, Belarus, Ukraina ýaly döwletleriň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga meýil edýärdiler. Gepiň gerdişine bellesek, türkmen talyplary bu ýurtlaryň birnäçesinde daşary ýurtly studentleriň iň uly bölegini emele getirýärler.

Türkmenistanda pandemiýa sebäpli halkara gatnawlaryň çäklendirilmegi, bu ýyl raýatlaryň ýokary okuw üçin daşary ýurtlara çykmak mümkinçiliklerini hem çäklendirdi. Bu hem öz gezeginde, içerki ýokary okuw jaýlaryna isleg bildirýän dalaşgärleriň sanynyň artmagyna getirdi.

“Geçen ýylkylar bilen deňeşdirilende, Lebapda Aşgabadyň ýokary okuw jaýlaryna girmek isleýänleriň sany azyndan üç esse dagy köpeldi. Abiturientleriň aglabasy Lukmançylyk uniwersitetine we Magtymguly adyndaky uniwersitete meýil edýärler” diýip, ýerli bilim işgäri gürrüň berdi.

Ol munuň netijesinde, ýagny okuw orunlarynyň az bolup, okajak ýaşlaryň hem has köpelmegi bilen okuwa girmek isleýän ýaşlardan soralýan paranyň möçberiniň hem artandygyny sözüne goşdy.

“Eýýam bahar paslyndan başlap, has köp para berenleriň hasabyna okuw orunlary doldurylyp başlandy. Häzirki giriş synaglaryna hem, esasan, şol para berenler kabul edilýär” diýip, türkmenabatly bilim işgäri sözüne goşdy.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, Aşgabadyň ÝOJ-laryna okuwa girmek üçin soralýan paranyň möçberi, uniwersitete we bölüme laýyklykda, 11 müň dollardan 100 müň dollar aralygynda üýtgeýär.

Azatlygyň synanyşyklaryna garamazdan ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar, şol sanda okuwa kabul edilmek üçin soralýan para barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginden kommentariýa almak başartmady.

Galyberse-de, Azatlyk mundan ozal Türkmenistanyň çagalar baglarynda, umumybilim berýän mekdeplerinde, orta hünär mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda ýa-da haýsydyr bir edara-kärhana işe kabul edilmekde we beýleki ugurlarda giň ýaýran para-berim barada habar beripdi.

Türkmenistanyň bilim pudagyny öwrenýän ýerli synçylar ýurtda berilýän bilimiň hiline soragly garaýarlar, studentleriň we professor mugallymlaryň döwletiň medeni-köpçülikleýin çärelere yzygiderli gatnaşmaga mejbur edilýändiklerini aýdýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda harby bilim berýän okuw jaýlaryndan daşgary 21 sany ýokary okuw jaýy hem-de 41 sany orta hünär derejesinde bilim berýän jemi 62 ýokary we orta hünär mekdebi bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG