Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Has köp türkmenistanly Russiýada hemişelik ýaşaýyş rugsadyny almaga ýykgyn edýär, ýöne...


Arhiw suraty

Soňky wagtlarda müňlerçe türkmenistanlynyň Russiýa ýa-da özge ýurtlara hemişelik göçmäge synanyşýandyklary baradaky habarlaryň fonunda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy türkmen häkimiýetleriniň ýurtdan hemişelik çykmaga isleg bildirýän raýatlara päsgelçilik döredýändikleri barada habar berýär.

Türkmenistanda barha ýitileşýän ykdysady kynçylyklaryň we syýasy çäklendirmeleriň fonunda has köp raýat daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn etdi. Ýöne köpçülikleýin göçe-göçlüge pandemiýanyň fonunda halkara gatnawlaryň çäklendirilmegi belli-bir derejede täsir etdi.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Russiýada hemişelik ýaşaýyş rugsadyny almak üçin müňlerçe adamyň Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň konsullyk gullugyna ýüz tutýandygyny habar berýär.

Russiýa geçen aýyň ahyryna çenli Türkmenistandan Russiýa 12 sany çarter gatnawyny gurady. Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýörite uçar gatnawlary bilen 2 müň töweregi türkmenistanly ýurdy terk etdi. Habarçy Moskwa gidýän türkmenistanlylaryň Russiýada hemişelik ýaşaýyş statusyny almaga çalyşýandyklaryny habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, adamlar Russiýa hemişelik gitmek üçin ilki Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň konsullyk gullugyna ýüz tutýar. Ýöne habarçy türkmenistanlylaryň ýurdy hemişelik terk etmek tagallalarynyň, olaryň Russiýada hemişelik ýaşaýyş statusyny almak synanyşyklarynyň kä halatlarda şowsuzlyga uçraýandygyny, türkmen häkimiýetleriniň bu proses bilen bagly käbir päsgelçilikleri döredýändiklerini habar berýär.

Russiýa hemişelik göçmek isleýän raýatlar Türkmenistanda ýaşaýan ýerlerinden ýazgydan çykmaly. Habarçynyň maglumatlaryna görä, olar ýaşaýan ýerlerinde resmi taýdan ýazgydan çykandan soň, häkimiýetler bu proses bilen bagly päsgelçilik döredýärler. Munuň netijesinde, ýazgydan çykan raýatlar “propiskasyz” käbir hukuklardan mahrum bolýarlar we birnäçe aýlap uçup bilmeýärler. Galyberse-de, Russiýa hemişelik göçmek üçin zerur bolan resminamalar we güwähatlar çykdajy we wagt talap edýär.

Ýatlasak, geçen hepde Azatlyk Radiosynyň habarçysy Russiýa hemişelik göçmek statusyna eýe bolmak isleýän raýatlaryň dokumentlerini taýýarlamakda tölegli hyzmat hödürleýän iki türkmenistanly raýata türkmen howpsuzlyk gulluklary tarapyndan basyş edilýändigini habar berdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde, habarçynyň maglumatlaryna görä, Russiýada hemişelik ýaşaýyş statusyny almak üçin golaýda Moskwa baran käbir türkmenistanlylar tölegli hyzmat hödürleýän bu iki raýaty dokumentleri ýalňyş doldurmakda aýypladylar. Azatlyk Radiosy iki raýatyň şahsyýetini anyklaýan maglumatlary aýan etmekden saklanýar.

Bu aralykda, Türkmenistandan Moskwa öňünden planlaşdyrylýan çarter gatnawlarynyň wagtynyň süýşürilmegi emigrasiýa dalaş edýän raýatlar üçin goşmaça kelle agyry bolýar.

“21-nji maýa planlaşdyrylan [Türkmenabat – Moskwa] çarter gatnawynyň wagtyny 31-nji maýa süýşürdiler” diýip, habarçy aýdýar.

Ýurdy terk etmek isleýän raýatlaryň ençemesi awgust aýynda Moskwa uçuşlaryň doly ýatyrylmak ähtimallygy barada tassyklanmadyk maglumatlaryň bardygyny aýdýarlar.

Russiýa soňky ýyllarda käbir post-sowet ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlaryna rus pasportyny bermek prosesini ýeňilleşdirdi.

Munuň netijesinde, meselem, Azatlyk Radiosynyň “Voice of Central Asia” neşiriniň fewralda çap eden hasabatyna salgylanyp habar berişi ýaly, 2020-nji ýylda 145 müň Merkezi Aziýa raýaty Russiýanyň raýatlygyny alypdyr. Hasabata görä, post-sowet ýurtlaryndan ukrain raýatlary rus pasportyny almakda öňde barýar. 2020-nji ýylda 410 müň ukrainaly aňsatlaşdyrylan proses arkaly rus pasportyny alypdyr.

Beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen deňeşdirilende, Russiýada raýatlyk ýa-da hemişelik ýaşaýyş rugsadyny alan türkmenistanlylaryň sany köp däl. 2020-nji ýylda 2451 türkmenistanly rus raýatlygyny alypdyr we 2271 türkmenistanly Russiýada ýaşaýyş rugsady berilipdir.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň barha ýitileşmegi, syýasy giňişligiň çäklendirilmegi, raýat durmuşynyň ähli ugurlarynyň häkimiýetler tarapyndan berk gysylmagy netijesinde soňky ýyllarda has köp türkmenistanly hemişelik ýa-da uzak möhletli esasda daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn etdi.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy Russiýa hemişelik göçmek isleýän türkmenistanlylaryň sanynyň juda köpelýändigi baradaky habarlary tassyklaýar.

Bu aralykda, resmi däl sanlara görä, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň hem ýüzlerçe müň adamdygy çaklanylýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýa-da media serişdeleri ýurt raýatlarynyň ýurdy köpçülikleýin terk etmek meýilleri barada kelam agyz dil ýarmaýar. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy ýurdy hemişelik terk eden raýatlaryň sany barada statistiki sanlary çap etmeýär.

Bu aralykda, ogul-gyzlary daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly ene-atalar olara, oňarsalar, daşary ýurtlara ymykly ýerleşmegi, başarsalar, jigi-doganlaryny hem daşary ýurda çykarmagy maslahat berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG