Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen weteranlary prezidentiň sowgatlary üçin ýene-de özleri töleýär


Türkmenistanda Ikinji jahan urşunyň weteranlaryny hormatlamak boýunça dabara, Aşgabat, 2018-nji ýyl
Türkmenistanda Ikinji jahan urşunyň weteranlaryny hormatlamak boýunça dabara, Aşgabat, 2018-nji ýyl

Uruş we tyl weteranlary ýeňiş güni mynasybetli özlerine beriljek sowgatlar üçin pul tabşyrmaga mejbur boldular. Däp bolşy ýaly, her ýyl 9-njy maýda weteranlara hormat bildirilýär we prezidentiň adyndan sowgatlar gowşurylýar. Türkmen weteranlary ikinji ýyl sowgatlary üçin özleri töleýärler.

Azatlygyň habarçylary puluň Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky weteranlardan ýygnalandygyny habar berýärler. Weteranlaryň köpüsiniň ýaşy 90-dan geçdi. Ýerli häkimiýetlere ýüz tutan weteranlaryň çagalaryna we agtyklaryna häkimiýetler pul ýygnamak meselesi barada resmi düşündiriş berilmändir. Ýygnalýan puluň möçberi 1000 manat.

Geçen ýyl hem lebaply weteranlar 1000 manat tölemeli bolupdy. Şeýle-de, olardan zerur sosial üpjünçilik hakynda kagyzlary ýygnamak talap edilipdi we olar ençeme döwlet edarasyna gatnamaly bolupdy. 2020-nji ýylda weteranlara ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly gowşurylypdy. Ýerli onlarça weterandan ýygnalan pul şol sanda medal üçin hem niýetlenipdi.

Öz gezeginde, anonim çeşmeler weteranlara gowşuryljak sowgatlaryň bahasynyň toplanan serişdelerden ujypsyzdygyny we puluň bir böleginiň görkezilmedik beýleki zerurlyklar üçin saklanýandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtyň özünde, çeşmelere görä, ýerli häkimiýetler prezidentiň kararyna garaşýarlar we sowgadyň möçberi anyk bolansoň zerur bolan halatynda aýallar geňeşiniň agzalaryndan, kärdeşler arkalaşyklaryndan we harby işgärlerden goşmaça pul ýygnamagyň üpjün edilmegine taýýarlanýar.

Uruş weteranlaryna beriljek puluň we gymmatly sowgatlaryň mukdary kesgitlenmedi. Öňki ýyllarda Türkmenistandaky söweş weteranlaryna 9-njy maýda 200 manat tölenipdi.

2017-nji ýylda Azatlyk Radiosy öňki SSSR-iň ýurtlarynda ýeňiş güni Ikinji Jahan Urşunyň weteranlaryna tölenen puluň mukdaryny hasaplady. Merkezi Aziýada Gazagystan baýram mynasybetli bir gezeklik tölegiň möçberi boýunça öňde boldy we her bir weterana 1570 dollar töledi. Iň soňky orunda Türkmenistan galyp, her bir weterana 26 dollar möçberde pul berdi.

Türkmenistanda Beýik watançylyk urşunyň weteranlarynyň statusy, ilatyň sosial goragy baradaky kodeksinde kanuny taýdan kepil geçilýär.

Türkmenistanda ýaşaýan weteranlaryň sany barada resmi maglumat çap edilmeýär. Käbir maglumatlara görä, 2013-nji ýyla çenli Türkmenistanda Ikinji jahan urşunyň 1000 töweregi weterany ýaşaýardy.

1941-1945-nji ýyllardaky uruşa Türkmenistandan ýüzlerçe müň adam söweşe gitdi. Dürli çeşmelere görä, Ikinji jahan urşuna gatnaşandygy üçin 78 müňe golaý türkmen raýaty sylaglandy, olaryň arasynda azyndan 104 adama Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen at berildi, 15 adam Şöhrat ordeniniň doly eýesi boldy.

Prezidentiň adyndan sowgat bermek tejribesi döwlet propagandasyna öwrüldi. Weteranlardan başga-da, ýurtda prezidentiň adyndan 8-nji martyň öňüsyrasynda aýal-gyzlara pul berilýär, şeýle-de köp çagaly enelere, oba hojalyk işgärlerine, atşynaslara, it ideýänlere, sportçylara we Aşgabadyň merkezi ýetimler öýündäki çagalara wagtal-wagtal sowgat dabara bilen gowşurylýar.

Geçen ýyllarda oba zähmetkeşleri-de prezidentiň adyndan berlen sowgatlar üçin pul özleri tölediler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG