Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan weteranlardan 'pul ýygnap', Ýeňşiň 76 ýyllygyny belleýär


Aşgabat, 9-mjy maý, 2013.
Aşgabat, 9-mjy maý, 2013.

Türkmenistanda II Jahan urşy, onuň turmagynyň we ýeňşiň şeýle gymmat düşmeginiň  sebäpleri hakynda sowet ýyllarynda aýdylmadyk, emma soň belli edilen we taryhyň dogruçyl öwrenilmegi üçin zerur bolan taryhy faktlar, adamlaryň uruşda we tylda gören sütemleri barada halka ýeterlik maglumat berilmeýär. 

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylary Ýeňiş güni bilen gutlap, 1418 güne çeken uruşda "watandaşlarymyz — gaýduwsyz esgerlerimiz şöhratly söweş ýollaryny geçip, edermenligi we gahrymançylygy üçin Gahryman diýen belent ada, söweş ordenlerine hem-de medallaryna mynasyp bolup, merdanalygyň beýik mekdebini döretdiler" diýdi.

“Sizi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýmek bilen, prezident bu urşuň “dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde girendigini” tassyk etdi, ýöne Türkmenistandan urşa giden we gaýdyp gelmedik adamlaryň sany, uruşdan dolanyp gelenleriň sany, häzirki uruş weteranlarynyň sany we durmuş şertleri barada hiç bir zat aýtmady.

Şeýle-de, gutlagda türkmen aýal-gyzlarynyň Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyrandygy bellenip geçilýär.

Häzir metbugatda kän agzalamaýan hem bolsa, Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, türkmen-sowet ensiklopediýasynyň 8-nji tomunyň 92-93-sahypalarynda şeýle maglumat bar.

“Türkmenistanyň zähmetkeşleri goranmak fonduna 170 mln. manat pul we döwlet zaýomlaryny tabşyrdylar, esgerler üçin 2 mln-a ýakyn ýyly geýim ýygnadylar, 70,6 mln. manatlyk zaýom we pul-zat lotereýalaryny satyn aldylar, 20,4 müň tonna metal böleklerini ýygnadylar, söweşijiler üçin 10 müň şahsy sowgat we 6 eşelon (300 wagona ýakyn) kollektiwleýin sowgat iberdiler…

Ýazyjy Hudaýberdi hallynyň resmi çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, diňe urşuň ilkinji iki ýylynda soýuz boýunça ofiserleriň we esgerleriň maşgalasyna 57 mln. manatlyk kömek puly, gurban bolanlaryň maşgalasyna we inwalidlere 465 mln. manatlyk pensiýa berildi, 15,2 müň harby işgäriň maşgalasy işe ýerleşdirildi...”

Türkmenistanlylar duşmandan azat edilen ýerleri diklemek göreşine-de işeňňir gatnaşdylar diýip, ýazyjy şeýle faktlary getirdi: "Stalingrad oblastyna 66 wagon dürli zat, şol sanda 15,4 müň mal iberdiler. 1943 ýylda azat edilen raýonlaryň we oblastlaryň haýryna plandan artyk 1590 ga däne ekdiler, 56 müň mal iberdiler.”

Şeýle-de, uruş başlananda Türkmenistan 248 lukmany we 662 dürli medisina gullukçysyny fronta ýollaýar. Umumylykda, uruş ýyllarynda Türkmenistandan 556 lukman, 7,5 müňden gowrak kiçi medisina işgäri söweş meýdanynda gulluk edipdir.

Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna sowgat gowşurmak däbe öwrüldi, emma synçylar bu däbiň ýönesi bar diýýärler.

TDH-nyň 7-nji maýdaky habaryna görä, döwlet baştutany hökümet mejlisiniň dowamynda “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda”permana gol çekdi. Bu karar esasynda häkimlikler weteranlara we wepat bolan esgerleriň yzynda galan aýallaryna 200 manat möçberinde pul sowgatlaryny gowşurar.

Şeýle-de metbugatda Ýeňiş güni bilen bagly çäreleriň ählisiniň 9-njy maý güni giçlik geçiriljekdigi, Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda gül çemenlerini goýmak dabarasynyň boljakdygy, soňra uruşdan gaýdyp gelmedik esgerleriň hatyrasyna sadaka beriljekdigi aýdyldy.

Aşgabat. Uruş weterany. 2013 ý.
Aşgabat. Uruş weterany. 2013 ý.

Prezidentiň adyndan berilýän 200 manat sowgat döwlet kursunda 57 dollar, gara bazar kursunda 5 dollar çemesi pul bolýar.

Türkmenistanda II Jahan urşy, onuň turmagynyň we ýeňşiň şeýle gymmat düşmeginiň hakyky sebäpleri hakynda sowet ýyllarynda aýdylmadyk, emma soň belli edilen we taryhyň dogruçyl öwrenilmegi üçin zerur bolan taryhy faktlar, adamlaryň uruşda we tylda hakyky başdan geçiren wakalary, gören horluklary we sütemleri barada halka ýeterlik maglumat berilmeýär.

Şeýle-de, Türkmenistanyň döwlet metbugaty "Beýik Watançylyk urşy" jümlesini bäş ýyl arakesmeden soň, 2018-nji ýylda gaýtadan ulanmaga başlady.

2013-nji ýyldan başlap bu sene türkmen metbugatynda diňe “1941-45-nji ýyllarda bolan uruş” diýlip agzalýardy.

Şu aralykda Azatlygyň ýerli habarçylary Farap etrabyndaky weteranlardan 'sowgat üçin" pul ýygnalandygyny habar berdiler.

Geçen ýyl hem lebaply weteranlar özlerine prezidentiň adyndan gowşuryljak sowagt üçin pul tölemeli bolupdy.

Uruş baradaky hakykata gaýdyp gelsek, 1941-45-nji ýyllaryň urşunyň esasy sene ýazyjylarynyň biri bolan Wiktor Astafýew “adamzat taryhynda hiç haçan we hiç ýerde beýle aýylganç we gandöküşikli söweşiň bolmandygyny” aýdypdy.

"Bu uruş hakda gaty köp ýalan sözlediler, onuň bilen baglanyşykly ähli zady bulaşdyrdylar, netijede toslanan uruş hakyky urşuň, bolan zatlaryň üstüne kölege saldy" diýip, ýazyjy ýalanyň diňe kitaplarda we uruş taryhy boýunça ýazylan ýazgylarda däl, eýsem köp adamyň hakydasynda hem urşuň aslynda bolşundan has owadan, gahrymançylykly, şöhratly keşbini döredendigini belläpdi.

"Biziň partiýamyz bolsa, uruş baradaky ýalan ýazgylaryň esasy toslaýjysy we üpjünçisi" diýip, Astafýew bu ýalanyň arkasynda duran esasy güýjüň kimlerden we nämeden ybaratdygyny hem açyk aýdypdyr.

Onuň pikiriçe, "Geçen uruş hakynda ýalan sözleýänler geljekki urşy ýakynlaşdyrýar".

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG