Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa türkmen gazyna garaşýar


Türkmen geçirijisi
Türkmen geçirijisi

Ýewropa Bileleşigi Orsýetiň energiýa üpjünçiligine garaşlylygyny azaltmak üçin, 2019-njy ýyldan başlap, Türkmenistandan tebigy gaz alyp başlamaga garaşýar diýip, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç “Roýters» habar gullugynyň habarçysy Marat Gurt bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

"Biz özara gowy düşünişýäris. Türkmenistan üçin öz eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa etmek möhüm, ÝB üçin bolsa öz importlaryny diwersifikasiýa etmek örän wajyp» diýip, Şefçowiç türkmen paýtagty Aşgabatda bolan söhbetdeşlikde aýdypdyr.

Ol anna güni Aşgabada sapar edip, bu ýerde Türkiýäniň energiýa ministri Taner Ýyldyz, Azerbaýjanyň energiýa ministri Natik Alyýew, Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Baýmyrat Hojamuhammedow we türkmen uglewodorod resurslary agentliginiň başlygy Ýagşygeldi Kakaýew bilen duşudy.

"Biz şu formatda Trans-Hazar geçirijisini gurmagyň ähli aspektleri barada maslahat etdik, strategiki ugra tarap uly ädim ädildi» diýip, Şefçowiç aýdypdyr.

Syýasy çözgüt

Türkmen gazyny Hazar deňziniň üsti bilen ýewropa ýurtlaryna aşyrmaly proýekt «Günorta koridor» diýlip atlandyrylýar we Azerbaýjan bilen Türkiýäni hem öz içine alýar. Ýöne ol syýasy, ekologiki we maliýe nämälimlikleri zerarly ençeme ýyl bäri şol bir duran ýerinde dur.

"Indi bu ýerde syýasy karar edildi, Türkmenistan bu proýektiň bir bölegine öwrüler hem-de Ýewropa tarap gaz akdyrar” diýip, Şefçowiç aýtdy.

Geçen ýyl Türkmenistan bilen Türkiýe teklip edilýän Trans-Anadoly (TANAP) gaz geçirijisi proýektini gaz bilen üpjün etmek baradaky deslapky şertnama gol çekipdi. Bu geçiriji Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki Şahdeňiz II ýatagyndan gaz almaly.

"Indi bu ýerde syýasy karar edildi, Türkmenistan bu proýektiň bir bölegine öwrüler hem-de Ýewropa tarap gaz akdyrar.”
M.Şefçowiç

Türkmenistan TANAP geçirijisine birikmek üçin özüniň Hazar astyndan geçýän 300 km geçirijisini gurmaly, emma bu meseläniň Orsýet, Gazagystan, Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan arasynda özüne ýetesi dawasy hem bar.

TANAP türk-gürji serhedinden Türkiýäniň Bolgariýa we Gresiýa bilen serhetlerine çenli geçiriji gurar. Bu proektiň gurluşygynyň, 2019-njy ýylda Şahdeňiz II ýatagyndan gaz alyp başlanmagy üçin, 2018-nji ýylyň aýagynda soňlanmagyna garaşylýar.

"Azerbaýjandan Ýewropanyň serhetlerine, Gresiýa, Albaniýa we Italiýa taraplaryna barmaly geçirijileriň ählisi 2019-njy we 2020-nji ýyllarda gurulmaly» diýip, Şefçowiç aýtdy.

"Türkmenistanyň we türkmen gazynyň bu hyzmatdaşlygyň örän möhüm bölegi bolmagy biziň her birimiziň garaşýan zadymyz» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma Şefçowiç Türkmenistanyň ýylda Ýewropa näçe möçberde gaz iberjegi baradaky soraga jogap bermedi.

Türkmen resmileri mart aýynda Ýewropa ýylda 10 milliard kub metrden 30 milliard kub metre çenli gaz ibermek barada «aktiw» gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýtdylar diýip, “Roýters» ýazýar. Şeýle-de habar gullugy munuň Türkmenistanyň ýylda Hytaýa satýan 30-35 milliard kub metr gazyna barabardygyny belleýär.

Anyk iş

Şefçowiç bir aý içinde Trans-Hazar proýekti babatdaky işleri ilerletmek boýunça ýörite iş toparynyň guruljagyny hem-de oňa energiýa ministrlikleriniň orunbasarlarynyň we daşary işler ministrlikleriniň ekspertleriniň giriziljegini aýtdy.

"Biz Türkmenistan, Türkiýe, Azerbaýjan we ÝB formatynda işleşmek, şeýle-de Gürjüstany özümize goşulmaga çagyrmak barada ylalaşdyk, sebäbi ol günorta gaz koridory nukdaý nazaryndan örän möhüm tranzit ýurdy bolup durýar» diýip, Şefçowiç aýdypdyr.

Goňşy ýurtlar bolan Eýran we Orsýet Ýewropa tarapa teklip edilýän täze gaz geçirijisi proýektine göwünsiz garaýar we Hazaryň astyndan çekiljek geçirijiniň bu sebitiň ozalam gowuşgynsyz tebigy gurşawyna zyýan ýetirjeginden alada bildirýär.

Şefçowiç bu proýektiň ekologiýa ekspertizasynyň ÝB bilen Bütindünýä banky tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilendigini aýtdy.

"Bu ýerde ekologiýa nukdaý nazaryndan ynamdar tehnologiýalar bar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG