Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şapudakow azatlyga goýberildi


Amangelen Şapudakow
Amangelen Şapudakow

Türkmenistanyň ruhy hassahanasynda saklanan 80 ýaşly Amangelen Şapudakow azatlyga göýberildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara “Human Rights Watch” guramasy Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň 27-nji aprelde Türkmenistana barmagynyň önüsyrasynda ýurtda soňky iki aýyň dowamynda syýasy matlap bilen azyndan dört adamyn tussag edilendigi barada ýörite beýanat ýaýradypdy. Şol dört adamyň biri Amangelen Şapudakowdy.

Şu ýylyň mart aýynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Sakgar obasynyň ýaşaýjysy 80 ýaşly Amangelen Şapudakow zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirilipdi.

Ýerli graždan aktiwistleri, ýaşulynyň öz ýaşaýan etrabyndaky bikanunçylyklar barada öz pikirlerini degişli ýolbaşçylara açyk aýdandygy sebäpli, ýerli häkimiýetler bilen düşünişmezliginiň bolandygyny aýdýarlar.

Ýewropa Parlamentiniň agzalary 27-30 aprel aralygynda Türkmenistana sapar etdiler. Ýewroparlamentiň wekilleriniň bu saparynyň esasy maksady ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilişine baha bermekden ybarat boldy.

Türkmen metbugatynda berlen maglumatlarda Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň ýurduň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirenligi, Ýewropa Parlamentiniň delegasiýasyna ýolbaşçylyk eden Hanes Swobodanyň Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşine ýokary baha berenligi aýdyldy.
XS
SM
MD
LG