Şu gün Tähranyň merkezindäki ýöreýişde, polisiýa güýçleri ýüzlerçe demonstrasiýaçylary basyp ýatyrmak üçin göz ýaşardyjy gazy ulandylar we howa ok atdylar. Protestçiler bilen howpsuzlyk güýçlerininiň arasyndaky bu günki gapma-garşylyk, Eýranyň Rewolusiýa Goragçysy guramasy saýlawdan soňky krizis döwründäki özüniň iň ýiti beýanatyny edeninden soň boldy. Eger demonstrasiýaçylar her günki diýlen ýaly ýöreýişlerini dowam etdirseler, rezolusiýa, hem-de Goragçylar, Basij we beýleki howpsuzlyk güýçleri bilen ýüzleşmäge taýýar bolmaly diýlip duýduryldy. Şu gün Goragçylaryň internet sahypasynda çap edilen bu duýduryş, demonstrasiýaçylaryň hereketlerini bes etmelidiklerini aýtdy we bu hereketleri “sabotaž we başbozarlyk”, şeýle hem olaryň aýaga galyşlaryny Eýrana garşy gizlin dildüwüşik diýip atlandyrdy.
Iň köp okalan
1