Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýarym gürjü, ýarym abhaz bir zenan etniki mirasyň goragy ugrunda


Lela Abhaziýa barmak gadagan edilendigi zerarly ejesi bilen duşuşyp bilmeýär.
Lela Abhaziýa barmak gadagan edilendigi zerarly ejesi bilen duşuşyp bilmeýär.

Lela Awidzba, özüniň abhaz dilinde erkin gürleşip bilýändigi üçin aşa seýrek duşýan şahsyýetleriň hataryna girýär. Köp çaklamalara görä, abhaz milletiniň üçden bir bölegi, öz ene dilinde gürleşip hem bilmeýär.

Abhaz milletiniň sanlyja wekili, öz dilinde okap ýa- da ýazyp bilýär. Abhaziýada iň ýörgünli ulanylýan dil rus dili hasaplanýar. Belki, hut şol sebäpden hem, 1990-njy ýylda ýüze çykan uruşdan soň, Abhaziýa Gürjüstandan bölünýändigini yglan edeninde, Abhaziýanyň yglan eden garaşsyzlygy diňe Moskwa tarapyndan goldanyldy.

Lela Awidzbanyň abhaz dilinde arassa gürlemegi, köpleri geň galdyrýar. 64 harpdan we çylşyrymly fonetikadan ybarat abhaz dili köp adam üçin gaty kyn dil bolup durýar. Has hem Lelanyň ejesiniň gürjüdigi, hem-de onuň özüniň Tibiliside ýaşaýandygy göz öňünde tutulsa, onuň abhaz dilini kämil bilmegi täsin zat bolup görünýär.

Lelanyň Abhaziýadan aýrylyşy

Lelanyň maşgalasy, 1992-1993-njy ýyllarda abhaz milletçileri hem-de separatistleri bilen Gürjüstanyň harby güýçleriniň arasynda dörän uruş döwrinde, bölünip, biri birinden aýralykda ýaşamaga mejbur bolan müňlerçe maşgalanyň biri bolup durýar. Şol döwürde, müňlerçe adam öldürilip, ýüzlerçe müň gürjü milleti, Abhaziýany terk etmäge mejbur edilipdi.

Gürjü milletli eneden hem-de abhaz milletli atadan dogan ýakymly, 32 ýaşly Lela, şol uruş başlanynda 15 ýaşly bolup, ene-atasy bilen Suhumide ýaşaýardy. Lelanyň ene atasy, onuň howpsuzlyk meselesi barada howatyrlanyp, ýaşajyk gyzlaryny Tibilisä iberýärler. Özleri bolsa Suhumide galýarlar. 2006-njy ýylda Lelanyň kakasy Sergeý aradan çykýar. Ejesi Luisa bolsa, henize çenli Suhumide ýaşaýar. Ýöne, häzirki döwürde, Lela Abhaziýa barmak gadagan edilendigi zerarly, ol öz ejesi bilen duşuşyp bilmeýär.

Soňky gezek, keselläp ýatan kakasyny görmäge Abhaziýa baran Lela Awidzba häkimýetler tarapyndan tussag edilip, birnäçe günüň dowamynda ýanamalara sezewar edildi. Kakasy ýogalanyndan soň bolsa, ýurda barmak üçin birnäçe gezek abhaz häkimýetlerine ýüzlenen Lela, “ýok, rugsat ýok” diýen jogapdan başga sözleri eşitmändigini Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Halklaryň arasynda emeli diwar

Onuň pikirine görä, abhaz we gürjü halklarynyň arasynda dikeldilen diwar, öz maşgalasyny bölmek üçin döredilen päsgelçilikler ýaly emeli diwar bolup durýar. “Biz bütin ömrümizi bile ýaşaşyp geldik. Abhaz hem gürjü medeniýetlerini biri-birinden aýyryp bolmaz. Sebäbi, iki halka-da mahsus umumy däplerimiz bar, garyşan maşgalalar az däl. Mysal üçin meniň ejem gürjü, kakam bolsa abhaz. Meniňki ýaly maşgalalaryň düşen ýagdaýy iň ýaramaz diýseň hem boljak. Sebäbi men haýsy tarapy saýlamaly, olaryň ikisi hem meniň taraplarym”diýip Lela aýdýar.
Abhaz hem gürjü medeniýetlerini biri-birinden aýyryp bolmaz.


Ors, abhaz hem gurjü dillerinde erkin gurleşip bilýän Lela, 2 halkyň arasynda köpri dikmek üçin elden gelenini edýär.

Ol Nikolos atly öz 4 ýaşly ogluna hem kiçilikden gürjü hem abhaz dillerini öwredýär. Gürjüstanyň hökümetiniň metbugat sekretary hökmünde, Lela, Tibiliside iň tanymal abhazlaryň biri hasaplanýar. Hatda Gürjüstanyň telewideniýesinde, onuň abhaz dilinde alyp barýan öz gepleşigi hem bar.

“Gürjüler barada başga zatlary aýdýarlar”

2004-njy ýylda Lela, öz ejesi bilen bilelikde, 90-njy ýyllaryň başynda bolan uruşda ýetim galan çagalaryň, Gürjüstana getirilmegini hem gurnamaga ýardam berdi. Ol, çagalaryň dynç alyş öýlerde bolup, Tibilisä aýlanyp, Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen duşuşandyklaryny bize gürrüň berdi. “Çagalar öýlerine gaýdyp baranlaryndan soň bize hat ýazdylar. Şol hatlarda olar Gürjüstan biz seni gowy görýäris, biziň ýene şol ýerlere gaýdyp barasymyz gelýär diýip ýazdylar. Emma gynansak hem, Abhaziýada olara gürjüler barada başga zatlary aýdýarlar”diýip, Lela Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşliginde belledi.

Şol bir wagtyň özünde, Lela, özüne iňňän ýakyn iki halky biri-birine ýakynlaşdyrmak üçin edýän tagallalarynyň netije berjekdigine köp ynanmasa hem bu ugurda edýän işlerini dowam etdirjekdigini aýdýar. “Şol mahal birine durup, boldy bes ediň diýmäge güýç- kuwwat ýetmedimi, ýa-da garaşsyzlyk bilen bagly eýforiýa muňa sebäp boldumy bilmedim, ýone hiç kim iki halkyň arasyna çöp atylmaz ýaly hereket edip bilmedi. Wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý has hem ýaramazlaşar diýip gorkýaryn. Sebäbi täze nesil, gürjüleri gowy tanamaýar. Olar üçin gürjüler ýagy hökmunde görkezilýar”diyip, 32 ýaşly Lela Azatlyk radiosy bilen bolan söhbetdeşliginde gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG