Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors-gürjü çaknyşygy boýunça howatyrlanmalar artýar


Geçen tomus Tbilisi separatist Günorta Osetiýany yzyna almakçy bolanda, Orsýet Gürjüstanyň harby güýjini ýok etdi.
Geçen tomus Tbilisi separatist Günorta Osetiýany yzyna almakçy bolanda, Orsýet Gürjüstanyň harby güýjini ýok etdi.

Günbatar ýurtlary geçen ýylky ors-gürjü çaknyşygy sebäpli, Orsýet bilen ýaramazlaşan gatnaşyklary dikeltmäge synanyşýan wagty, ähtimal täze çaknyşyk boýunça howatyrlanmalar artýar.

Geçen ýylyň Awgust aýynda Orsýet ABŞ-niň ýarany Gürjüstana hüjüm edende, Kreml özüniň şeýle hereketini öňki Sowet giňişliginde güýçlenýän täsiriniň çäklerini bellemek hökmünde görkezdi.

Günbatar döwletleri şeýle territorial bölünşigi kabul etmejekdiklerini mälim etdiler. Ýöne Şenbe güni NATO, geçen tomus togtadylan resmi baglaryny täzeden dikeltdi.

"Orsýede NATO, NATO bolsa Orsýet gerek"

Korfudaky NATO-Orsýet Geňeşinde çykyş eden NATO-nyň Baş Sekretary Ýap de Hup Skeffer, terrorçylyk we ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy ýaly meselelerdäki hyzmatdaşlyk, Orsýet- NATO gatnaşyklarynydaky düşünişmezlikleri dowam etdirerden has möhüm diýip belledi. "Biz, duşuşugyň iň bir oňaýly netijesi hökmünde, düşnüşmezlikleriň NATO-Orsýet Geňeşindäki yzygiderliligi duruzmagyna ýol bermeli däldigi barada ylalaşdyk."

Gürjistan ýaly meselelerde düýpli tapawutlyklar bar,diýip Skeffer aýtdy, emma "Orsýede NATO, NATO bolsa Orsýet gerek" diýip belledi.

Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, şol konferensiýa mahalynda gozgalan meseleler barada giňişleýin kommentariýa bermedi. Ol günbataryň Gürjüstan baradaky aladalaryna ähmiýet bermän, "Her kim ilki bilen möhüm hakykatlary kabul etmeli. Gürjüstan urşy başladanyndan soň biziň alan kararlarymyz üýtgewsiz, şol sebäpden olar praktiki meselelerde düşündirilmeli" diýip nygtady.

8000-den gowrak rus esgerleri Kawkazda

Bugün 8,000 –den gowrak rus esgerleri Gürjüstanyň demirgazygynda ýerleşýän Kawkaz daglarynda iki hepdelik harby türgenleşige başlaýarlar. Şeýle hem olar Moskwa tarapdary bölünip aýrylan Abhaziýa we Günorta Osetiýa regionlarynyň içinde hem türgenleşik geçirerler. Olar Moskwanyň Kawkazda täze çaknyşyklara badalga berjekdigi baradaky uly aladalara sebäp bolýarlar.

Prezident Wladimir Putiniň ykdysadyýet boýunça öňki geňeşçisi Andreý Illarionow Azatlyk radiosynyň rus gullugyna beren gürrüňinde, terrorçylygy bahana görkezip, Orsýetiň Gürjüstana hüjüm edip biljekdigini aýtdy. "Orsýetiň hemme propaganda çykyşlary, Gürjüstanyň özleri üçin howpdygyny belläp, şeýle mümkinçilik barada gürrüň edip gelýär. Hat-da olar soňky birnäçe terorrçylyk hereketleriniň aňyrsynyň Gürjüstana diräp biljekdigini aýdyp başladylar."

Geçen tomus Tbilisi separatist Günorta Osetiýany yzyna almakçy bolanda, Orsýet Gürjüstanyň harby güýjini ýok etdi. Muňa garamazdan, häzirki wagtda Waşingtonyň Cato institutynyň ylmy işgäri Illarionow, şol urşy Moskwanyň özüniň tutaşdyrandygyny aýdýar. Ol mundan birnäçe ýyl öň harby bazalary gurmak we öz esgerlerini Gürjüstanyň şol iki bölünip aýrylan regionlaryna ýerleşdirmek bilen, Orsýetiň şu çaknyşyga başlandygyny belleýär. "Eger-de adaty esgerler başga bir ýurdyň araçägini, şol sanda halkara kadalara laýyklykda bellenen Orsýetiň Gürjüstan bilen serhedini bozup geçen ýagdaýynda, islendik halkara hukugyna görä şeýle hereket şübhesiz agressiýanyň alamatydyr."

Şu hepde Kawkazda geçiriljek harby türgenleşik 29-njy iýunda başlady we ABŞ-niň prezidenti Barak Obamanyň rus kärdeşi Dmitriý Medwedew bilen ilkinji sammit duşuşygy üçin Mokswa barjak güni bolan 6-njy iýulda tamamlanar. Waşington şol sammitiň Moskwa bilen gatnaşyklaryna itergi bermegini isleýär. Emma Illarionow, Obamanyň sapary mahalynda, Orsýetiň Gürjüstana çozup biljekdigini hem pikir edýär.

Synçylara barmak gadagan

Onuň şeýle howatyrlanmagy, Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyn (ÝHHG) täze çaknyşyk baradaky howatyrlanmalary bilen gabat gelýär. Orsýet ÝHHG-niň synçylarynyň Günorta Osetiýanyň töweregindäki çaknyşyk zolagyna barmaklaryny gadagan etdi. Olaryň mandaty gecen hepde gutarypdy.

Şu wagt Gürjistanda ýerleşýän, Ýewropa Birleşiginiň 200 sany ýaragsyz synçylary dawaly territoriýa baryp bilmeýärler. Fransiýanyň Daşary işler ministri Bernard Kuşner Şenbe güni bolup geçen Orsýet-NATO duşusygynda bu ýagdaýy tankytlady. "Men ÝB-niň synçylarynyň çyzgynyň beýleki tarapyna geçmekleri boýunça bir millimetr öňegidişlik etmegi soradym. Şu wagtlykça bu kabul edilmedi."

Şu aýyň başynda, Orsýet Birleşen Milletler Guramasynyň 100 sany synçylaryndan ybarat bolan ýene bir monitoring toparynyň, Gürjüstanyň ikinji bolünip aýrylan Abhaziýa regionyna barmagyny weto etdi. Şeýle hem Moskwa, iki regionda hem müňlerçe esgerini ýerleşdirmek bilen, Fransiýanyň araçylygynda ýola goýlan we ok atyşygy bes etmegi talap edýän geçen tomusky ylalaşygyň esasy düzgünini ýerine ýetirmedi.

Ýagdaý ynjyk

Geçen hepde, Brýusselde ýerleşýän “International Crisis Group” topary özüniň täze hasabatynda, Abhaziýa we Günorta Osetiýadaky çaknyşyk
Kiçiräk bir waka täze çaknyşyk üçin itergi bolup biler.
zolaklarynyň daşyndaky ýagdaýyň elhenç bolup galýandygyny barada duýdurdy. ‘Şeýle faktorlar çaknyşygyň möwç almagy üçin ýagdaý döredýär, kiçiräk bir waka hem täze çaknyşyk üçin itergi bolup biler’ diýip hasabatda bellenilýär.

Harby analitik Pawel Felgenhauer, Osrýet bilen Gürjüstanyň arasyndaky täze çaknyşyk barada duýduruş berdi. Ol Jamestown Fondynyň “Eurasia Daily Monitor” neşirinde, eger-de ABŞ-niň prezidenti howpuň derejesine düşünýän bolsa we öz gepleşikleriniň mekrezinde Gürjüstany goýmakçy bolsa, onda Obamanyň indiki hepde Moskwa boljak sapary täze çaknyşygyň öňüni almak üçin in esasy umyt bolup biljekdigini ýazýar. “Emma muny başarmak diplomatiki gudrat bolar” diýip, Felgenhauer öz makalasynda belleýär.
XS
SM
MD
LG