Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, amerikan kärdeşi bilen boljak duşuşyk Moskwa bilen Waşingtonyň gatnaşyklaryny sazlamaga kömek eder diýip umyt edýändigini aýtdy. Şu gün Kremliň internet saýdynda goýlan wideoýazgyda Medwedew Obama adminstarsiýasynyň ýagdaýy üýtgemek we tasdan Sowuk uruş döwründäki derejesine ýetirilen iki taraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmak islegine ëkary baha berdi. Obamanyň amerikan prezidenti hökmünde Orsýete etjek ilkinji sapary 6-njy iýuldan başlanýar.
Iň köp okalan
1