Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NABUCCO, Türkmenistan we Merkezi Aziýaly ekspertlerden garaýyşlar


Ýuldaşew: "Türkmenistanyň NABUCCO proýektine goşulmaga taýýardygyny mälim etmegi,ýurduň Ýewropa açylmagyna mümkinçilik döredýär."
Ýuldaşew: "Türkmenistanyň NABUCCO proýektine goşulmaga taýýardygyny mälim etmegi,ýurduň Ýewropa açylmagyna mümkinçilik döredýär."

Türkmenistanyň NABUCCO proýektine goşulmaga taýýardygyny mälim etmegi, dünýäniň dürli künjegindäki syýasy we ykdysady ekspertlerde seslenme döretdi. Merkezi Aziýaly ekspertler bu ýagdaýa gowy baha berýärler. Emma şol bir wagtyň özünde käbir zatlaryň heniz anyk däldigini hem nygtaýarlar.

Gazagystanly syýasy ekspert Dosum Satbaýewiň sözlerine görä, Türkmenistan dürli ykdysady proýektlere goşulmak isleginiň bardygyny hiç wagt gizlemändir. Merkezi Aziýanyň beýleki prezidentlerinden tapawutlylykda Berdimuhamedow Günbatardan bu proýekte gatnaşýan kompaniýalar hem-de bu proýekt bilen gyzyklanýan döwletler bilen aktiw aragatnaşyk saklap gelýär diýip Satbaýew aýdýar. Onuň sözlerine görä, golaýda Türkmenistan bilen Orsýetiň Gazpromynyň arasynda bolan düşünişmezlik hem Türkmenistana şeýle ädim ätmäge itergi beripdir.

“Merkezi Aziýa we Ýewropa üçin bähbitli”

Gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Aýdanbek Koçkunowyň sözlerine görä, bu proýektiň amala aşmagy region üçin hem, Orsýetden Ukrainanyň üsti bilen gaz satyn alýan Ýewropa döwletleri üçin hem amatly bolar. Bu proýekt barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýgytly ädim ätmegi, onuň garaşsyz döwletdiginiň hem-de garaşsyz karar alyp biljekdiginiň subutnamasydyr diýip Koçkunow aýdýar. Türkmen prezidentiniň bu ädimini men hormatlaýaryn, diýip syýasaty öwreniji sözüne goşdy.

Özbegistanly syýasy bilermen Daşpolat Ýuldaşew bolsa, NABUCCO proýekti Türkmenistan üçin örän bähbitli bolar diýip belleýär. “Sebäbi indi Türkmenistanda hem Orsýete, hem Hytaýa, hem Günbatara gaz satmak mümkinçiligi döreýär. Bu bolsa syýasy manýowrlar etmäge, ýurduň Ýewropa açylmagyna mümkinçilik döredýär. Bu proýekt resmi Aşgabat üçin peýdaly, türkmen halky üçin bähbitli bolar.”

Emma Türkmenistanyň Nabukko proýektine goňşy döwlet baştutanlarynyň göwnünden turmaz sebäbi bu proýekt Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen baglylygyny azaldyp, Ýewropa döwletleri bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge ýol açýar diýip ekspert belleýär.

“Ykdysady däl-de syýasy proýekt”

Satbaýew, NABUCCO proýektini ykdysady däl-de syýasy proýekt diýip häsiýetlendirýär. “Häzirki krizis şertlerinde proýekt üçin ýatyryljak inwestisiýalar, onuň gurlup işe girizilmegine ýetmez. Belläp geçmeli zat bu proýektiň işinde Gazagystanyň gazy hem göz öňüne tutulypdy. Emma prezident Nazarbaýew bu proýekte seresaply çemeleşip proýektiň özüne çekýändigini, emma häzirki şertlerde ony amala aşyrmagyň kyndygyny aýdypdy.” Satbaýewiň sözlerine görä, Gazagystanyň prezidenti bu meselede diňe syýasy äheňi görýär.

Onuň pikirine görä, Gazagystan bu proýekte diňe ol gurlandan soň goşular. “Bu ýerde gazyň nädip akdyryljagy hem belli däl. Sebäbi gürrüň deňziň astyndan geçjek gaz trubasy barada gidýär.” Şonuň üçin bu proýektiň amala aşmagy hem şübhe astynda galýar diýip, gazagystanly syýasaty öwreniji Dosum Satbaýew aýtdy.

Ýoldaşewiň sözlerine görä, Gazagystan bilen Orsýet biri-birine golaý goňşy döwletler. Olaryň serhetleri hem açyk. “Eger ol NABUCCO turbalaryna goşulsa, Orsýet muny halamaz. Emma NABUCCO amala aşýança, ýagny 2013-nji ýyla çenli Nazarbaýew öz prinsiplerini birnäce gezek üýtgetmegi mümkin.”

Gyrgyzystanly syýasy ekspert Aýdanbek Koçkunow, bu proýekt amala aşsa Türkmenistanyň ykdysadiýeti üçin örän bähbitli boljakdygyny aýtdy. “Birinjiden syýasy institutlary dünýä görelde bolan günbatar we gündogar Ýewropa bilen baglary giňeltmek mümkinçiligini döreder. Ikinjiden bolsa, bu proýekt bilen Türkmenistanyň syýasy we ykdysady ösüşini üpjün edip biler.”

Ýene-de bir bäsdeş - Hytaý

Satbaýewiň pikirine göra, Gazproma garaşly bolmak Türkmenistan üçin hem Gazagystan üçin hem peýdasyzdyr. “NABUCCO proýekti üçin ýene-de bir bäsdeşiň bardygyny belläp geçmeli. Ol bolsa Hytaýdyr. NABUCCO-dan tapawutlylykda Hytaý öz proýektini eýýäm ýola goýdy. Şeýlelik-de Hytaý Merkezi Aziýa gazynyň uly bölegini öz täsiri astyna almagy mümkin. Bu ýagdaý Ýewropany däl, eýsem Orsýeti hem rahatsyzlandyrýar.” Eger bu proýekt hem amala aşsa, NABUCCO turbalaryna gaz ýetermi? Ilki şu meselä anyklyk girizilse gowy bolardy diýip, gazagystanly syýasy synçy Dosum Satbaýew aýtdy.
XS
SM
MD
LG