Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Gyrgyzystanda ikinji harby bazasyny açmaz


 Bakiýew, terrorçylyga garşy Russiýa bilen Gyrgyzystanyň bilelikdäki türgenleşik merkezini açjakdygyny boýun aldy.
Bakiýew, terrorçylyga garşy Russiýa bilen Gyrgyzystanyň bilelikdäki türgenleşik merkezini açjakdygyny boýun aldy.

Öz territoriasynda Russiýanyň ikinji harby bazasyny açmagyna Gyrgyzystanyň rugsat berjekdigi baradaky habarlary prezident Bakiýew ýalana çykardy.

Emma Bakiýew, terrorçylyga garşy iki ýurduň bilelikdäki türgenleşik merkezini açjakdygyny boýun aldy.

Bakiýew Gyrgyzystanyň günortasynda harby merkeziň açylmagynyň mümkindigi barada Nýu Ýork Taýmsa beren interwýusynda aýtdy. Bu barada, Gyrgyzystanyň telewideniýesinde 16-njy iýulda berilen gepleşikde Bakiýew halkara terrorçylyga garşy göreşmek barada türgenleşik geçiriler diýip belledi. “Gyrygyzystanyň günortasynda terrorçylygyň döremegi ahmal. Şunlukda, biziň we Russiýanyň esgerleri halkara terrorçylyga garşy bilelikde türgenleşik geçirler. Bu ýeke täk maksat.”

Prezident Bakiýewiň aytmagyna görä, Batken, Oş we Jalalabat welaýatlary harby merkeziň açyljak ýeri hökmünde göz öňünde tutulýar.

Ýakyn hepdelerde ýaýran habarlarda, Gyrgyzystanyň Oş şäherinde Russiýanyň harby bazasyny açmaga taýýarlanýandygy barada teswirlemeler edildi. Onuň Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy toparynyň maksatlary boýunça işlemeginiň mümkindigi aýdylypdy. Bu topara öňki Sowet Soýuzy ýurtlarynyň ýedisi girýär we onda Russiýa esasy roly oýnaýar.

Häzir Russiýa Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Kant harby bazasynda operasiýalar alyp barýar. “Gyrgyzystanyň demirgazygynda umuman howpsuzlyk problemalary ýok. Ol ýerde goňşylarymyz Hytaý we Gazagystan ýerleşýär. Muňa garamazdan, şol ýerde Kant harby bazasy hem bar” diýip Bakiýew New Ýork Taýmsa beren interwýusynda aýtdy. “Köp problema Täjigistan bilen serhetdäki Batken welaýatynda bar” diýip Bakiýew sözüne goşdy.

"Manas" harby bazasy

Gyrgyzystanyň Russiýa täze harby baza açmaga rugsat berjekdigi barada ýurtda ýiti çekeleşikler gidýär. Bakiýew şu ýylyň fewralynda Moskwa sapar edende, ABŞ-niň Manasdaky harby bazasyny ýapmagy karar etdi. Ol Amerikanyň bazany kireýine almagy boýunça maliýe oňuşyksyzlyklary sebäpli, onuň ýapylýandygyny aýtdy.

Şu ýylyň başlarynda, Bakiýew ABŞ bilen täze ylalaşygy yglan etdi. Onuň ABŞ-niň Manasdaky harby bazany ulanmagyny dowam etdirmegine ýol bermegi ahmal.

Amerikanyň harby bazany ulanandygy üçin 60 million dollar tölemäge ylalaşandygy aýdyldy. Ozalky ylalaşyk boýunça şol pul 17 million dollardan gowrakdy. Täze ylalaşygyň jemi 180 milliýon dollar bolmagy mümkin. Oňa infrastrukturalaryň ösdürilmegi, terrorçylyga we neşe gaçakçylygyna garşy göreşi maliýeleşdirmek hem girýär.

Adynyň tutulmagyny islemedik gyrgyz resmisi, daşary ýurtly harby güýçleri Gyrgyzystanda ýerleşdirmek barada hem gürrüň edilendigini aýtdy. Bu barada ýerli metbugatyň ýazmagyna görä, Gyrgyzstanyň birnäçe harby desgalaryny Russiýanyň öz gözegçiligini almagy mümkin. Bu ýagdaý prezident Bakiýewiň geçen fewralda Moskwa sapary wagtynda gol goýan ylalaşygyna girýär.

Bakiýew Moskwa saparynda, Gyrgyzystan 2 milliard amerikan dollarlyk karz pul we inwestisiýa paketini Russiýa Federasiýasyndan alypdy.
XS
SM
MD
LG