Gara deňiz – Hazar regionyndaky Günbataryň energiýa boýunça syýasaty ahyry birleşýär diýip bolarmy? Gara maňlaý NABUCCO turbalarynyň bagty çüwüp başladymy? 13-nji iýulda bolup geçen NABUCCO boýunça gol çekişlik dabarasyna telewideniýe arkaly tomaşa edenlerde, Hazar deňziniň tebigy gazyny Russiýadan sowa Ýewropa bazarlaryna getirjek strategiki proýektiň gurluşygy göýä diýersiň eýýämden ýola goýlandygy baradaky düşünje oýanan bolmagy mümkin.
Munuň bilen birlikde, Bolgariýanyň täze hökümeti başga bir alternatiw geçiriji bolan ITGI, ýagny Türkiýe-Gresiýa-Italiýa özara birikdiriji turbalary boýunça ylalaşyga gol çekip, özüniň dolulygyna Russiýa tarapdary tutumyny ýumşatdy hem-de Russiýanyň “Günorta akym” proýektine bolan baglylygyny sorag astyna goýdy.
Şu bolup geçen wakalar Ýewropa Birleşiginiň sarp edýän gazynyň çeşmelerini köpeltjek “Günorta koridor” proýektiniň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm işler. Bularyň ikisi hem maksada doly ýetmek üçin ädilen irki ädimler. ÝB we ABŞ tarapyndan goldanylýan ambisiýalary şowsuzlyga uçratjak bäsdeş maksatlar bolsa, heniz öz ýolunda barýar.
Energiýa teatry
Muşakgatly tranzit ýurtlaryň öňüni almak üçin Gara deňzi kesip geçjek “Günorta akym” proýekti özüniň geo-syýasy sahnadaky ýüzüni görkezmäge başlady. Kremliň gözegçiligindäki Russiýanyň Gazprom kompaniýasynyň bu proýekte 24 milliard ýewro baha kesendigine sitata getirildi we bu çenden aşa gymmat. Deňziň aşagyndan guruljak bu turbalaryň 63 milliard kub metr gaz akdyrmagy fantastika. Şol turbalary gaz bilen üpjün etjek regiondaky öndürijiler bilen Russiýanyň ylalaşygynyň ýokdugyna seredeniňde, bu proýektiň 2015-nji ýylda tamamlanmagy hem diýseň kyn.
Emma rus gazyny Türkiýä we şol ýerden potensial ýewropaly sarp edijilere akdyrjak Gazpromyň “Mawy akym II” proýekti durmuşa geçiriljege meňzeýär. Russiýadan Germaniýa göni barýan hem-de Polşadan we Baltika ýaka döwletlerden bilgeşleýin sowa geçjek “Demirgazyk akym” marşruty Ýewropanyň islendik uly proýektleriniň arasynda iň uzyny hem-de 2012-nji ýylda tamamlanmagy bolup biljek zat.
Günbatar merkezli we 1,2 millard ýewroluk ITGI proýektiniň belli bölekleri işläp başlady we 2012-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Bu beýlekiler bilen deňeşdireniňde kiçi göwrümli marşrut we diňe 8 milliard kub metrlik azeri gazyny italiýaly sarp edijilere elter.
Energiýa üpjünçileri
Birinji tapgyrynda Azerbeýjanda täze özleşdirilen ýataklaryň gazyndan we doly güyjinde işläp başlamak üçin Türkmenistanyň we Yragyň gazyndan peýdalanjak NABUCCO proýekti Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we Wengriýanyň üsti bilen Awstriýanyň Baumgarten gaz ammarlaryna 31 milliard kub metr gaz akdyrar. Bu tranzit ýurtlaryň hemmesi 13-nji iýulda ylalaşyga gol çekişdi emma gaz öndüriji ýurtlar heniz NABUCCO gämisine münmedi. NABUCCO proýektiniň durmuşa geçirilmegi üçin Baku uzak wagtdan bäri tagalla edip gelýär, hat-da Günbatar merkezli marşrutlary soňa süýşürmegiň nämelere eltip biljekdigini görkezmek üçin Azerbeýjan Moskwa bilen simwoliki ylalaşyga gol çekişdi. Emma Azerbeýjanyň ýeke özi ýeterlik däl.
“Günorta koridor” proýektiniň durmuşa geçirilmegi üçin Ýewropa Birleşigi NABUCCO konsortiumynyň hyzmatdaşlary bilen bileleşip öndüriji ýurtlara, ýagny Azerbeýjana, Yraga we Türkmenistana giň mümkinçilikleri berýän we özüne çekiji teklipleri hödürlemeli. Munuň üçin diňe bir walýuta höweslendirijileri ýeterlik däl, energiýa pudagyna degişli bolsa-da, bolmasa-da guramalaýyn ysnyşyklary nazara aljak syýasy elementler hem zerur.
Hazar regionynyň öndürijileri gol çekdirmekde has işjeň hereket edýän Russiýadan, Hytaýdan we Eýrandan geljek bähbitli teklipleri aňsatlyk bilen kabul edip bilerler. NABUCCO boýunça tranzit ylalaşygyna gol çekildi. Indi ýewropaly syýasatçylar başladan proýektleriniň bir ýere jemlenmegini tamamlamak üçin oýunyň indiki tapgyryna geçmeli bolarlar. Häzir toý-şagalaň etmegiň wagty däl-de, çyna çykmagyň wagty geldi.
Aleksandros Petersen Waşingtonda ýerleşýän Atlantik geňeşiniň Ýewraziýa energiýasy boýunça merkeziň direktorynyň kömekçisi. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.