Sentýabr aýynda, Birleşen Milletller Guramasynyň Baş assambleýasynyň Nýu Ýorkda geçiriljek 64-nji maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň gatnaşjakdygy habar berilýär. Bu barada türkmenistan.ru internet gazeti maglumat berdi.
Maglumata görä, bu maslahatda Türkmenistan regional we halkara syýasaty bilen bagly meselelerde öz pozisiýasyny beýan eder. Olaryň hataryna dünýäde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň berkidilmegi, ýaragsyzlandyrmak prosessine ýardam bermeklik, Birleşen Milletler Guramasynyň ähmiýetini güýçlendirmek, adam hukuklaryny goramak we ösdürmek, ekologoýa hem-de tebigatyň goragy bilen bagly meseleler, dünýä möçberinde ýüze çykan maliýe-ykdysady krizisi, azyk problemasynyň çözgüdi, ylym, medeniýet we bilim bilen bagly meseleler girýär diýlip, habar berilýär.
Şeýlede, BMG-niň Baş assambleýasy üçin, Hazar deňziniň baýlyklaryny bölüşmek meselesi babatda ýörite dokumentler toplumynyň taýýarlanýandygyny, Türkmenistan.ru internet gazeti Türkmen Döwlet Habarlar gullugyna salgylanyp maglumat berdi.