Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Bolgariýa saparyna başlady


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bolgariýa Respublikasyna ilkinji resmi sapary başlanýar. Bu sapar bolgar tarapynyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar diýip, Türkmen Döwlet habarlar gullugy 26-njy awgustda habar berdi.

Günüň tertibinde iki-taraplaýyn we özara bähbitler, ykdysady- söwda hyzmatdaşlylygy durýar.

Bolgariýanyň prezidenti Georgiý Pyrwanow, geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistana barypdy.
XS
SM
MD
LG