Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary Russiýa okuwa iberiler


27-nji awgustda Türkmenistanyň gazetleri 2009-2010-njy okuw ýyly üçin Orsýetiň ýokary we ýörite okuw jaýlarynda okajak ýaşlary saýlamagyň başlanýandygy barada Bilim ministrliginiň maglumatyny çap etdi.

Hünärleriň sany 100-den geçýär. Olaryň arasynda ykdysadyet, nebit-gaz işleri, metallurgiýa, himiýa, arhitektura, jurnalistika, medisina, turizm ýaly ugurlar bar.

Şol ugurlara ýaşy 35-den uly bolmadyk, konkurs esasynda giriş synagyndan geçen Türkmenistanyň graždanlary kabul ediler.

Giriş synaglary Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 6-njy–10-njy sentýabr aralygynda geçiriler. Synaglar umumybilim sapaklaryndan ekzamen hem Türkmenistanyň taryhy boýunça gürründeşlik esasynda geçiriler.

Ekzamenler ors dilinde ýazmaça, gürrüňdeşlik türkmen dilinde Türkmenistanyň orta mekdebiniň programmasy esasynda geçiriler-diýip, “Türkmenistanyň ru” internet gazeti ýazýar.
XS
SM
MD
LG