Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Näçe köp ýaşlar okasa, şonça gowy"


Öňki habarlara görä, daşary ýurtlara okamaga gidýän studentler Döwlet Migrasiýa Gullugyndan rugsat almalydy.
Öňki habarlara görä, daşary ýurtlara okamaga gidýän studentler Döwlet Migrasiýa Gullugyndan rugsat almalydy.

Düýbi Wenadaky “Türkmen-inisiatiwasy” toparynyň ýaýradan maglumatyna görä, ABŞ-a barýan birnäçe türkmen studentleri Aşgabadyň aeroportunda nemes awiakompaniýasynyň uçaryndan düşürilipdir.

Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda, esasanda Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetinde okaýan studentlere okuwlaryny dowam etdirmek üçin ýurtdan çykyp gitmeklerini häkimiýetleriň gadagan edendigini Gyrgyzystanyň garaşsyz AKI press agentligi habar berdi.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekili William Stiwensiniň Azatlyk radiosynyň türkmen gullugyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, ilçihana ýagdaýy ýakyndan yzarlap, studentleriň okaýan ýurtlaryna baryp bilmegi meselesiniň çözülmegi ugrunda elde baryny edip gelýär.

Türkmen-amerikan okuw programmasy esasynda okaýan studentleriň öz okuwlaryny dowam etdirmekleri üçin özlerine düşýän işiň hem ýerine ýetiriljekdigini amerikan diplomaty sözüne goşdy. Türkmenistanyň durli jogapkär resmilerinden, şeýle-de bilim ministrliginden studentleriň ene-atalary bilen göni gatnaşyk saklaýandygy hakynda özlerine käbir jogabyň gelip gowşandygyny, ýöne bu gatnaşyklaryň ilçihana arkaly alnyp barylmaýandygyny Stiwens belledi.

Ýaşlar nirede bilim almaly?

Adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatuliniň sözlerine görä, häzir olar bu problemanyň üstünde iş alyp barýarlar. Olarda bu barada anyk maglumatlar bar.

“Bize beýle maglumatlary Türkmenistanly studentleriň özleri ýazýarlar. Ýa-da bolmasa, Türkmenistandaky biziň bilen işleşýän adamlar ýazýarlar. Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň gorkýan zady - daşary ýurtda studentler halkara adam hukuklaryny göräýjy guramalaryň wekilleri bilen hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşýarlar. Şonuň üçin hem ýaşlary ýurtdan çykarmaly däl, okatmaly däl diýen netija gelipdirler” diýip Tuhbatulin aýdýar.

Bişgekdäki Amerikan uniwersitetinde 150-ä golaý türkmenistanly student okaýar. Jemi Gyrgyzystanda okaýan türkmensitanly studentleriň sany muňlerçedir.
Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetiniň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar boýunça koordinatory Ýewgeniýa Romanowskaýanyň sözlerine görä, Türkmenistanyň Bilim Ministrligi uniwersitetde okaýan ýaşlara çykyş wizasyny bermeýar.

Onuň sözleriňe görä, diňe Amerikan uniwersitetinde okaýan ýaşlara däl, eýse hususy okuw jaýlarynda okaýan ýaşlara-da Türkmenistanda wiza berilmeýär. "Şeýle-de bolsa, olar ýakyn arada türkmen studentleriniň okuwa geljekdigine ynanýarys" diýip Romanowskaýa aýdýar.

Problemanyň sebäpleri

Gyrgyzystanyň Milli Uniwersitetiniň mugallymy Farida Abdullaýewanyň sözlerine görä, ýapyk syýasy sistema, ýapyk syýasy düzgün aňly-düşünjeli ýaşlaryň daşary ýurtlarda bilim almagyny islemeýär. "Ýaşlar dünýäden habarsyz bolsalar, senzuradan geçen informasiýalar bilen kanagat edip otursalar, bu hökümet üçin amatly."

“Eger-de studentler syýasy sistemasy açyk ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alsalar, elbetde, olaryň düşünjesi artyp, dünýägaraýşy giňelýär, olarda anyk pozisiýa emele gelýär, olarda deneşdirmek mümkinçiligi döreýär we olar aňsat ýurduna dolanmak islemeýärler. Şunuň özi türkmen rejimini howatyrlandyrýar” diýip Abdullaýew aýdýar.

“Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin hem beýle ýagdaýyň Türkmenistanyň döwlet baştutanlarynyň abraýyny pese düşürjekdigini belleýär. "Türkmenistanyň hökümetiniň ýaşlara okamaga we daşary ýurtlara çykmaga ýol bermezligi Türkmenistanyň abraýyny pese gaçyrýar."

Režimiň «ýesiri»

Käbir ýerli synçylar bu ýagdaýlary bilim ministrliginde işleýänleriň professional derejesiniň aşa pesdigi bilen baglanyşdyrýarlar. Farida Abdullaýewa ministrlikleriň özbaşdak beýle karara gelip bilmejekdiklerini aýdýar. "Bu ýagdaýda bilim ministrligine režimiň ýesiri diýmek mümkin. Olara ýokardan buýruk gelenden soň, olar şeýle karary berjaý etmäge mejbur bolýarlar."

Onuň pikirine görä, kimde informasiýa köp bolsa, ol dünýäden habarly bolýar. Şonuň üçin her bir döwlet özüne peýdaly strategiýalary işläp taýynlamaly. "Ýaşlar daşary ýurtlarda bilim alanyndan soň, öz ýurdunda onuň rehnetini görmeli. Olar alan bilimleri bilen Türkmenistanyň gülläp ösmegine, döwrebap ýurt bolmagyna goşantlaryny goşmaly. Daşary ýurtlarda näçe köp ýaşlar okasa, şonça gowy. Bu ýerde pikir we tejribe çalyşygy bolar" diýip, Gyrgyzystanyň milli uniwersitetiniň mugallymy Farida Abdullaýewa aýtdy.

Şol bir wagtyn özünde Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ýurtda bilim pudagyny ösdürmek üçin ýadawsyz tagallalaryň edilýändigini, geçen ýyllara garanyňda, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen we daşary ýurtlara okuwa iberilen ýaşlaryň has köpdügini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG