Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

USAID-iň Merkezi Aziýa boýunça missiýasynyň täze direktory bellendi


ABŞ-nyň Halkara Ösüş Boýunça Agentliginiň Merkezi Aziýadaky regional missiýasynyň täze direktory – Endrýu Sisson 31-nji awgustda wezipesine başlady, diýlip ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Bu agentligiň dünýäniň 100-e golaý ýurdynda iş alyp barýandygy, Merkezi Aziýa regionynda bolsa onuň 1992-njy ýyldan bäri hereket edýändigi habar berilýär.

Bu gullugyň programmalary ykdysadiýetiň ösüşine, medisina hyzmatlarynyň we bilim pudagynyň hiliniň ýokarlanmagyna şeýle hem Merkezi Aziýa regionynda demokratik institutlarynyň ösmegine ýardam bermäge gönükdirilen diýlip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG