Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumynyýada ýüzlerçe müň döwlet işgäri iş taşlaýar


Rumynyýada 800 müň çemesi mugallym, saglyk işgäri we beýleki jemgyetçilik pudaklarynyň işgärleri duşenbe güni iş taşlady.

Profsoýuzlar topary, döwlet işgärleriniň ýaranlygy hökümeti aýlyklar baradaky kanun barada gaýtadan gepleşmäge çagyrýar.

Hökümet sentýabrda Halkara Walýuta Fondy bilen ylalaşyp, býudjet harçlaryny azaltmak üçin täze çäreleri girizdi. Bu ylalaşyk netijesinde Rumyniýa 17 milliard dollar karz berildi.

Profsoýuz bileleşikleri 7-nji oktýabrda paýtagt Buharestde ýygnanyşyk geçirmegi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG