Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Talyban bilen Al-Kaýdany tapawutlandyrýar


Ak tam Owganystandaky Talyban Birleşen Ştatlaryň howpsuzlygyna Al-Kaýda terror guramasyna garanda az wehim salýar diýdi.

Ak tamyň sözçüsi Robert Gibbs prezident Barak Obama heniz hiç hili anyk kararlary kabul edenok we Birleşen Ştatlaryň OwganPakistan syýasaty boýunça uly synyny dowam etdirýär diýdi.

Ýöne Gibbs Talyban bilen Al-Kaýdanyň arasynda «açyk tapawutlaryň» bardygyny aýtdy.

Döwlet sekretary Hillari Klinton bolsa bir çykyşynda Obama adminstrasiýasy Talybanyň käbir agzalary bilen işleşip boljagyny ýa bolmajagyny öwrenýär diýdi.

Ýöne ol bu barada entek anyk karara gelinmändigini hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG