Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda prezidentlik saýlawlary gaýtadan geçiriler


Düýn Owganystanyň häkimiýetleri prezidentlik saýlawlarynyň gaýtadan geçiriljekdigini mälim etdiler.

Owganystanyň garaşsyz Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Nur Muhammed Nuryň aýtmagyna görä, prezidentlik saýlawlary 7-nji noýabrda gaýtadan geçiriler we onda ozalky ses berişliklerde iň köp ses alan kandidatlar Hamyt Kerzeý bilen ýurduň ozalky daşary işler ministri Abdylla Abdylla gaýtadan özara bäsleşerler.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýardam bermeginde ýakynda geçirilen barlaglar ozalky ses berişliklerde berlen sesleriň belli bir böleginiň galplaşdyrylandygynyň üstüni açdy. Şonuň netijesinde-de, ozal ýeňiji diýlip yglan edilen Hamyt Kerzeýiň gazanan ses sany 50 prosentden pese düşürildi.

Haýsydyr bir kandidatyň 50 prosent ses almadyk halatynda bolsa, Owganystanyň Konstitusiýasy saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçirilmegini şert edip goýýar.
XS
SM
MD
LG