Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Markelow we Baburowany öldürmekde şübhelenilýänler tussag edildi


Şu gün Orsýetiň hukuk goraýjy güýçleri şu ýylyň ýanwarynda öldürilen ynsan hukuklaryny goraýjy ýurist Stanislaw Markelow bilen žurnalist Anastasiýa Baburowanyň öldürilmeginde güman bildirilýän iki adamy tussag etdiler.

Stanislaw Markelow bilen Anastasiýa Baburowa şu ýylyň 19-njy ýanwarynda gündiziň güni Moskwanyň merkezinde atylyp öldürilipdiler.

Moskwanyň şäher sudunyň metbugat sekretary bu tussag edilen iki adamyň wagtlaýyn tussaglyk möhletini uzaltmalymy ýa uzaltmaly däldigi barada şu gün suduň karar çykarjakdygyny habar berdi.

Ýöne bu güman bildirilýän iki adama bu jenaýatçylykda nähili rol oýnanlykda güman bildirilýändigi barada welin anyk maglumat alynmady.

Orsýetde öldürilen ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň we žurnalistleriň ölümi bilen baglanyşykly jenaýatçylyklaryň aglabasynyň üsti henize çenli açylman gelinýär.
XS
SM
MD
LG