Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwda ýaş blogçylar türme tussaglygyna höküm edildi


Bakuwyň bir sudýasy Adnan Hajizadeh bilen Emin mille diýen 2 sany ýaş blogçylary huliganlykda aýyplap, olary 2 bilen 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Olar iýul aýynda restoranda özara uruşdan soň tussag edildirler. Ýöne bu ýaş blogçylar tussag edilmekde syýasy äheňiň bardygyny, muňa bolsa häkimiyetleri tankyt edendiklerini sebäp edip görkezyärler.

Günbatarly döwletler we adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu meseläni tankyt edip, Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Alyýewi söz azatlygyna we erkin metbugata gysyş görkezýänlikde aýypladylar.

Suduň karary yglan edilen mahaly bir topar adam suduň binasynyň öňüne ýygnanşyp, plogerçilere hemaýat berdiler we «Azatlyk», «Ylham ýaş oglanlardan eliňi çek» diýip gygyrşdylar. Olaryň aklawçylary öz müşderleriniň apelýasiýa suduna ýüzlenjegini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG