Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa ýadro ýaragly Eýran «kabul ederliksiz» diýýär


Germaniýanyň daşary işler ministri Eýranyň ýadro programmasy baradaky halkara duşuşygynyň öňüsyrasynda ýadro ýaragly Tähran kabul edilmez diýdi.

Dünýäniň uly döwletleri Eýranyň BMG-niň araçylygyndaky ylalaşygy kabul etmegini isleýärler. Ol ylalaşyk Tähranyň az mukdarda baýlaşdyrylan urany işlemek üçin daşary ýurtda ibermegini göz öňünde tutýar.

Eýran bu barada entek formal jogap berenok. Gýudo Westerwel Halkara atom energiýasy gullugynyň başlygy Muhammed El-Baradeý bilen beren metbugat ýygnagynda Eýran yslam respublikasy bilen ýadro ýangyjyna çözgüt tapmak meselesinde sabyr-takadyň hem çägi bar diýdi.
XS
SM
MD
LG