Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýik Britaniýa we Eýran saklanan bäş britan gaýykçysy baradada maslahatlaşdylar


Beýik Britaniýanyň we Eýranyň DIM-leri Pars aýlagynda saklanan bäş britan gaýykçysy bilen bagly ýagdaýy telefon arkaly maslahatlaşdylar.

“Dewid Milibend Manuçer Mottakini britan raýatlarynyň saklanmagynyň sebäplerini jikme-jik düşündirmäge, olara konsul kömegini bermäge rugsat etmäge çagyrdy hem olaryň ýakyn wagtlarda azat ediljekdigine umyt bildirdi” - diýlip, Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň beýannamasynda bellenýär.

Mundan öň Eýran häkimiýetleri bir hepde mundan öň saklanan gaýykçylara berk daralar, olar bilgeşländen Eýranyň deňiz serhedini bozdular - diýip, çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG