Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýan sudy amerikan studentini günäli tapdy


Italiýada bir amerikaly student gyz we onuň italiýaly söýgülisi britaniýaly studenti öldürmekde günäli tapyldy.

Perujia şäheriniň sudy Amanda Noksy 26 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Onuň halaşýan ýigidi Rafaelle Sollesito bolsa 25 ýyl aldy. Olar 2007-nji ýylda Noksuň otagdaşy Meredis Kerçeri öldürmekde günäli tapyldy.

Bu jenaýat işi 11 aý dowam etdi we halkara metbugatynyň, hususan-da Birleşen Ştatlaryň hem Britan mediýasynyň köp ünsüni çekdi.
XS
SM
MD
LG