Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Global maliýe krizis ýene-de ençeme adamy garyplyga duçar eder


Bütindünýä Bankynyň düýn beren maglumatyna görä, Global maliýe krizis täze ýylda Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky ilatyň ýene-de 10 million 600 müňüni garyplyga duçar eder. Olaryň 23 milliýon ilaty bolsa, garyp güzerana has ýakynlaşar.

Bütindünýä Bankynyň garyplygyň öňüni almak boýunça başlygy Barboneniň sözlerine görä, maliýe krizis barada bankyň geçiren barlaglary 2010-njy ýylda krizisiň köp adama zeper ýetirjekdigini anyklady. Şol adamlaryň sany 119,3 million bolanlygyndan täze ýylda 153, 6 milliýona ýeter.

Moldowa, Täjigistan, Gyrgyzystan we Ermenistan ýaly ýurtlara krizis has köp zeper ýetirer. Çunki, bu ýurtlara işçi migrantlar pul ibermeýär.
XS
SM
MD
LG