Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki sowet giňişliginde erkinlik yza gaýtdy


Merkezi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän adam hukuklary guramasy Freedom House dünýäde erkinligiň ýagdaýy barada 1972-nji ýyldan bäri her ýyl hasabat çykarýar.

Freedom House bu hasabaty taýýarlamak üçin hem söz azatlygyndan tutup, syýasy pluralizme çenli bolan ähli ýagdaýlary ölçeg edinýär.

Gurama 2010-njy ýyl üçin taýýarlan erkinlik baradaky hasabatyny şu gün, 12-njy ýanwarda, neşir etdi.

Hasabatda Baltik döwletlerinden daşgary öňki Sowet respublikalarynda azatlyk meselesinde yza tesmeleriň bolanlygy aýdylýar. Köplenç hem gynanç bilen bellenilýän zat, köp ýurtlarda garaşsyz sudlaryň ýoklugy, garaşsyz medianyň we oppozisiýanyň döwlet durmuşyndan gyrakladylanlygy.

Freedom Housyň barlag bölüminiň direktory Arch Puddington Orsýetde bu peselişe sebäp bolan “Putiniň täsiri” diýýär: “Putiniň has ähmiýet bereni merkezleşdirilen döwleti berkidip, mümkin boldugyça ors jemgyýetini kontrollyk astyna almak boldy. Putiniň täsiriniň ikinji bölegi hem goňşy ýurtlarda bolan zatlar. Biz Orsýet bilen goňşy döwletleriň aglabasynda syýasy şertleriň peselendigini görýäris. Muňa hem Putin diplomatiýasynyň täsiri diýip garaýarys”.

Orsýetiň täsiri

Sowet Soýuzyndan soň dörän döwletlere Orsýetiň täsirini ýetirýänligi şübhesiz. Puddingtonyň garaýşyça, käbir ýurtlar, bir tarapdan, Orsýetden örküni üzmäge synanyşýar, bir tarapdan hem, öz awtoritaçylykly ugruny dowam etdirýär: “Gazagystan we Azerbaýjan ýaly ýurtlar Orsýetiň agalygyny islänoklar. Olar öz garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga synanyşýarlar. Bu ýurtlar Orsýetiň elinde oýnatgy däl. Ýöne Orsýet olara güýçli täsir edýär. Olaryň syýasy sistemasy edil Orsýetiň syýasy sistemasy ýaly. Men Orsýet öňümizdäki 10-20 ýyllykda tutuş regionyň demokratik ugruna täsir ýetirer diýip, pikir edýärin”.

Ozal Orta Aziýada demokratiýanyň umydy hasaplanan, öňki raportlarda hem “kem-käsleýin erkin” kategoriýda duran Gyrgyzystan täze raportda “erkin däl” kategoriýada ýerleşýär.

Onuň beýle aşaklamagyna sebäp bolan – 2009-njy ýylyň iýul saýlawlarynda bolan bidüzgünçilikler, ýerine ýetiriji häkimiýetleriň güýç-gudratynyň artdyrylandygy, şeýle hem dini erkinlikleri çäklendirýän täze kanunlar.

Erkinlik meselesinde Türkmenistan bilen Özbegistan ýeke regionda däl, eýsem tutuş dünýäde hem iň pes orunda durýarlar.

“Türkmenistan ýer ýüzünde gaty repressiw ýurtlaryň biri bolup durýar. Türkmenbaşynyň döwri bilen deňäniňde gaty çäkli ýeňillikler bar. Ýöne bular, dogrudan, aşa pes özgerişler” diýip, Freedom Housyň derňew direktory Kristofer Walker belleýär.

Walkeriň aýtmagyna görä, Özbegistanda hem üýtgän zat ýok: “Özbegistan gaty awtoritar, polis döwletiniň ähli häsiýetlerine eýe ýurt. Ol biziň ölçeglerimizde her bir babatda iň pes orunlarda durýar”.
XS
SM
MD
LG