Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Talyplar owgan hökümeti bilen barlyşyga boýun bolmaz diýilýär


Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Robert Geýts Talyplaryň ýolbaşçysy Molla Omaryň Owganystanyň hökümeti bilen parahatçylyk boýunça ylalaşyga boýun boljagyna o diýen ynanmaýanlygyny aýtdy.

Ol duşenbe güni habarçylara beren maglumatynda, Owganystanda durnuklylygyň ornaşdyrylmagy üçin Talyp söweşijileri bilen barlyşyga gelinmeginiň zerurdygyny hem belledi.

Ol bu pikirini Owganystanyň prezidenti Hamyt Karzyýyň terroristik guramalar bilen berk aragatnaşygy bolmadyk Talyplaryň halk arasyna dolanmaga rugsat edilmedilidgi barada orta atan teklibi boýunça öňe sürdi.

Emma Geýts ýokary derejeli Talyp ýolbaşçylary, şol sanda Omaryň Talyp söweşijileriniň basylyp ýatyrylanlygyna göz ýetirýänçä ýaraglaryny taşlajagyna özüniň o diýen ynanmaýanlygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG