Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan uniwersitetiniň studentlerine ýol açyk


Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň häkimiýetleriniň häzirki kabul eden kararyny oňyn ädim hökmünde kabul edendigini mälim etdi.
Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň häkimiýetleriniň häzirki kabul eden kararyny oňyn ädim hökmünde kabul edendigini mälim etdi.

2009-njy ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda daşary ýurtlarda okaýan, emma okuwyny dowam etdirmek üçin ýurtdan çykarylmadyk türkmenistanly studentlere daşary ýurtda okuwyny dowam etdirmäge rugsat berildi.

Bu maglumat 22-nji ýanwar güni Türkmenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda ýurduň prezidenti Migrasiýa gullugynyň işinden öz nägileligini bildirenden soň peýda boldy. Eýse, bu ýurtdaky syýasy ýagdaýyň gowulyga tarap üýtgeýandiginiň alamaty bolup bilermi?

Aşgabatdaky habar çeşmesiniň maglumatyna görä, 23-nji ýanwar güni Aşgabatdaky halkara ACCELS wekilhanasynyň direktory Karter Jonson Amerikanyň Döwlet departamentiniň TASP programmasy boýunça bilim alýan studentlere ýeke-ýekeden jaň edip, özlerine ýurtdan çykmaga rugsat berlendigini aýdypdyr.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanansynyň wekili bu maglumaty tassyklady. Ilçihananyň metbugat gullugynyň beren maglumatyna görä, 23-nji ýanwar güni üç studentden ybarat topar, ýekşenbe guni ýedi student, şu gün irden bolsa 39 student okuwyny dowam etdirmek üçin Bolgariýa uçdylar.

Bişkekdäki Amerikanyň Merkezi Aziýa boýunça uniwersitetiniň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar bölüminiň direktory Kimel Tohtomyşew bu maglumatyň olar üçin guwançly hoş habar bolandygyny aýdýar: “Biz bu habary eşidip, guwandyk. Bu mesele boýunça degişli edaralar, guramalar, organlar, studentler we olaryň ene-atalary bilen köp iş etdik. Emma türkmen tarapyndan anyk bir jogap alyp bilmedik. Şuny belläp geçmeli: okuwyny dowam etdirmek üçin gelip bilmedik türkmen studentleriniň hemmesiniň gowy häsiýetnamasy bardy. Eger-de studentlere ýurtdan çykmaga rugsat berseler, olar gelip, öz okuwyny dowam etdirerler diýip, umyt edýaris. Biz olara garaşýarys.”

Esasy tema boldy

Türkmen hökümetiniň hiç hili düşündirişsiz, studentleriň ýurtdan çykmagyna rugsat bermändigi halkara habar beriş serişdeleri üçin esasy tema öwrülip, adamlaryň arasynda dürli oý-pikirleri döredipdi. Gyrgyz mediasynda hem bu hakda maglumat ýaýradylypdy.

Tomus dynç alyş kanikulynda Türkmenistana gitmekden çekinip, okaýan ýurdunda galan türkmen studenti bu hakda öz pikirini şeýle beýan edipdi: “Birinjiden, men munuň sebäbini uniwersitetiň akkreditasiýasynyň ýoklugyndan görýärin. Meniň pikirimçe, häzir Türkmenistandan daşarda okaýan studenler öz ýurdunda bilim almaly diýen täze karar kabul edilen bolmagy ahmal. Biziň hökümetimiziň beýle karara gelmegine şol sebäp bolan bolmagy mümkin.”

Şol uniwersitetde okaýan Azamatyň sözlerine görä, Türkmenistandan çykyp bilmän galan studentler indi ýurtdan çykyp bilmezler diýen gürrüň bar: “Meniň pikirimçe, bu Türkmenistandaky syýasy režim sebäpli olary başga ýurtlara okuwa iberman saklaýarlar. Biziň alan maglumatlarymyza görä, studentleriň ene-atalaryny işlerinden boşadyp, soraga çekip, azar berýärmişler.”

Gyrgyzystanyň bilim, sport we medeniýet boýunça komitetiniň öňki başlygy parlamentiň deputaty Isaömur Kulowyň sözlerine görä, ýaşlar ýurduň geljegi diýilýan bolsa, olaryň ylymly-bilimli bolmagy, daşary ýurtlara çykyp, bilim almagy demokratik ösüş ýoluna düşen her bir döwlet üçin möhümdir.

Onuň pikirine görä, bu problemanyň döremegine sebäp bolan zat - Türkmenistanyň içki syýasaty. ”Türkmenistanda bolýan wakalar barada gürrüň etmek etika dogry gelmeýar. Ynsan hukuklaryna nähilidir bir gadagançylyk girizmek gowulyga getirmez. Ynsan hukuklaryna asla çaklendirmeler girizmeli däl.”
XS
SM
MD
LG