Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Tibetiň ruhany lideri Dalaý Lama bilen duşuşar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Tibetiň ruhany lideri Dalaý Lama bilen fewral aýynda duşuşar - diýip, Ak tamyň wekili Robert Gibbz aýtdy, ýöne duşuşygyň takyk wagtyny agzamady.

17-nji we 18-nji fewral günleri Waşingtonda bolmagy Dalaý Lamanyň planlaşdyrýandygyny onuň sekretary aýtdy.

Dünýä döwletleriniň liderleriniň Dalaý Lama bilen duşuşmagyna Hytaý çürt-kesik garşy. Hytaý häkimiýetleri ony seperatizmde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG