Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dalaý Lama Obama bilen duşuşygyna uly kanagatlanma bildirdi


Tibetiň ruhany lideri Dalaý Lama ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşuşygyna uly kanagatlanma bildirdi. Geçirilen gepleşikler barasynda ol şeýle diýdi: “Biz prezident Obama bilen dünýäniň adamlara howpsuz bolmagy üçin adamzat gymmatlyklaryny ileri tutmak barada gürrüň etdik. Men şeýle-de tebigaty boýunça aýallaryň aladaçyl bolýandygyny, başganyň derdini ýiti duýýandygyny aýtdym. Şonuň üçinem ýolbaşçy wezipelere mümkin boldugyndan aýallary köpüräk bellemeli”.

Tibet lideri bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň-da duşuşygy bellendi.

Bosgunlykda ýaşaýan hem tibet separatistlerini ruhy taýdan goldaýan Dalaý Lamanyň ABŞ-da kabul edilmegine Hytaý düýpden garşylyk bildirdi.

Soňky döwür ABŞ bilen Hytaýyň gatnaşyklary çylşyrymlaşdy.

Waşingtonyň bir tapgyr ýaragy Taýwana bermek plany bilen bagly-da Hytaý nägilelik bildirdi.

ABŞ öz tarapyndan Hytaýda internetden peýdalanýanlaryň hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly närazylyk bildirdi.
XS
SM
MD
LG