Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Toýota amerikaly kanun çykaryjylardan ötünç sorady


Toýota kompaniýasynyň prezidenti Akio Toýoda bu kärhanada öndürilen ulaglarda tapylan nogsanlyk sebäpli Amerikanyň halkyndan we bu ýurduň kanun çykaryjylaryndan ötünç sorady.

Toýota awto-ulaglarynda peýda bolan kemçilik millionlarça ulagyň yzyna gaýtarylmagyna sebäp bolupdy.

Toýoda şol kemçilik zerarly heläkçiliklere duçar bolan amerikalylardan aýratyn ötünç sorady.

Ýaponiýanyň hökümeti Toýotanyň kärhanalarynda maşynlaryň çakdan aşa öndürilip başlananlygy baradaky hasabatlar boýunça derňew geçiriljekdigini habar berdi.

Ýaponiýanyň transport ministri Seiji Maehara hökümetiň bu mesele bilen bagly geçen üç ýylyň dowamynda ýüze çykan 38 waka boýunça derňew geçirjekdigini belläp, bu derňewleriň umuman Toýota kärhanasyna gönükdiriljekdigini, emma ulag öndürýän beýleki kärhanalaryň hem bu derňewe degişli boljakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG