Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky sil heläkçiligi boýunça resmiler tussag edildi


Geçen hepde Gazagystanda bolan sil heläkçiligi bilen bagly geçirilen derňewleriň netijesinde ençeme regional ýolbaşçynyň tussag edilenligi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy tarapyndan şu günki ýaýradylan maglumatda, şol suw joşgunynda 34 adamyň ölenligi habar berilýär.

Prezident Nursultan Nazarbaýew Almatynyň töwereginde ýerleşýän suw bendiniň opurylmagy zerarly emele gelen heläkçilik boýunça derňew geçirilmegi barada buýruk beripdi.

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi heläkçiligiň emele gelen etraby Gyzyl-Agaşyň şäher häkiminiň we 5 hökümet resmisiniň tussag edilenligini habar berdi.
XS
SM
MD
LG