Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde milletçi skinhedlerden 12-sine günä bildirildi


Düýn Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň sudy orsýetli milletçi skinhedlerden 12-sine milletçilige esaslanýan jenaýatçylykda, şol sanda, adam öldürmekde hem günä bildirdi.

Sankt-Peterburgyň sudy bu ýaş milletçileri 2007-nji ýylyň fewralynda Moldowanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň we Kamerunyň raýatlaryna aýry-aýrylykda hüjüm edip, olary pyçaklamakda aýyplady. Şol pyçaklananlardan biri hüjümiň pidasy bolupdy.

Ýakyn günlerde Orsýetiň sudy bu aýyplanýan milletçileriň işi boýunça höküm çykarar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG