Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň Waşingtonda duşuşmak baradaky haýyşyny kabul etdi diýip, Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy habar berýär.
Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasarynyň kömekçisi çarşenbe güni Ýerewana baryp, Ermenistanyň prezidenti Sarkisýan we daşary işler ministri Edward Nalbandiýan bilen duşuşupdy.
Şol duşuşykda Ärdogan bilen ermeni prezidentiniň arasynda ýakynda Waşingtonda ýüzbe-ýüz gepleşikleriň amala aşyrylmagy meselesi hakda hem pikir alyşyldy.
Ady agzalýan liderler aprel aýynyň 12-13 aralygynda ýadro howpsuzlygy boýunça sammite gatnaşmak üçin Waşingtonda bolarlar.
Nalbandiýan Sarkisýanyň ABŞ-nyň prezidenti Obama bilen hem duşuşjakdygyny belledi.