Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň prezidentiniň uçary heläkçilige uçrady


Crash Scene Of Polish President's Plane
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:01 0:00
10-njy aprelde Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskini alyp barýan uçar Orsýetiň demirgazygyndaky Smolenski oblastynda heläkçilige uçrady we ýolagçylardan diri galan ýok diýlip, habar berilýär.

Heläk bolanlaryň arasynda Polşanyň Merkezi Bankynyň ýolbaşçysy Slawomir Skrzypek, ýurduň Harby güýçleriniň baş ştabynyň ýolbaşçysy, general Fransiszek Gagor, daşary işler ministriniň orunbasary Andrzeý Kremer bilen birlikde, ýurduň Milli howpsuzlyk edarasynyň başlygy, parlamentiň başlygynyň orunbasary, graždan hukuklary boýunça komissary we üç sany hukukçy hem bar.

Habar agentlikleri "TU-154" kysymly uçar gonmak üçin Smolenski oblastynyň "Sewernyý" aeroportuna golaýlap gelýärkä heläkçilige uçrady we bortundaky 96 adamyň ählisi heläk boldy diýip, habar berýär. Uçarda prezident Leh Kaçinskiniň aýaly Mariýa Kaçinski hem bardy.

Leh Kaszinski
Smolenskiniň gubernatory Sergeý Antufiýew uçaryň tokaýdaky agaçlaryň üstüne sürtülip, ýere gaçandygyny we parçalara bölünendigini aýtdy. Wakanyň ýerli wagt bilen 10.52-de bolandygy habar berilýär.

Ikinji jahan urşy dowam edýärkä, 1940-njy ýylyň aprel aýynda Polşanyň müňlerçe harby we graždan liderleri Sowet NKWD-si tarapyndan jezalandyrylyp öldürildi. Heläkçilige uçran ýokary derejeli polýak delegasiýasy “Katyn gyrgynçylygy” diýlip atlandyrylýan şol wakanyň pidalarynyň 70 ýyllyk ýas çäresine barýardy.

Katynda 7-nji aprelde geçirilen ýas çäresine Polşanyň premýer ministri Donlad Tusk we Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin gatnaşdy. Emma Kremliň tankytçysy bolan Kaçinskä bu çäre üçin Moskwadan çakylyk iberilmänsoň, şu günki saparyny ýola goýupdy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň görkezmesi bilen, bu pajygaly wakany derňemek üçin ýörite hökümet komissiýasy döredildi. Komissiýa premýer-ministr Wladimir Putin ýolbaşçylyk edýär.

Dünýä dürli ýurtlarynyň liderleri Polşanyň halkyna duýgudaşlyk bildirýärler.
XS
SM
MD
LG