Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň prezidenti Leh Kaçinski şenbe güni jaýlanar


Prezident Leh Kaçinskiniň hem vene-de 95 adamyň Smolenskiniň eteginde uçar betbagçylygynda heläk bolmagy zerarly Polşada 7 günlük matam dowam edýär. Prezidentiň jesedi ýekşenbe güni Orsýetden Warşawa getirildi.

Polşanyň prezidenti Leh Kaçinski hepdäniň şenbe güni jaýlanar. Onuň bilen hoşlaşyk şu gün başlanýar.

Betbagçylyga uçran adamlardan 24-siniň jesedi tanalypdyr. Şolaryň arasynda polýak prezidentiniň aýaly Mariýa Kaçinskaýa bar. Onuň jesedi şu gün watanyna getiriler.

Leh Kaçinskini jaýlamaga Orsyetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň gatnaşjakdygyny Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorskiý habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton: “Leh Kaçinskiniň yzynda galdyran mirasy baky ýaşar ” diýdi.
XS
SM
MD
LG