Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaýyň doganoglany BMG-ä çagyryş etdi


Düýn Kandagaryň welaýat geňeşiniň başlygy Ahmad Wali Karzaý halkara kömek guramasyny Kandagar şäherinden çekilmezlige çagyrdy.

Kandagarda uly harby hüjümiň öňisyrasynda howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy BMG-ni bu şäherdäki daşary ýurtly işgärlerini wagtlaýynça başga ýere geçirmäge mejbur etdi.

Emma prezident Hamid Karzaýyň doganoglany Ahmad Wali Karzaý BMG-niň öz işgärlerini Kandagardan çykarmagyna zerurlyk ýok diýýär.

BMG duşenbe güni bu şäherde birnäçe bomba partlandan soň, ol ýerdäki daşary ýurtly işgärleriniň käbirini Kabula göçürendigini, ýerli işgärlerine bolsa öýlerinden çykmazlygy tabşyrandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG