Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejat Birleşen Ştatlardan wiza soraýar


Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň Birleşen Ştatlara sapar etmek üçin wiza arzasyny berendigini aýdýar.

Wiza almak baradaky arza şu geljek hepde ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasy barada ABŞ-da boljak konferensiýa gatnaşmak üçin berlen bolmaly.

Bu konferensiýa duşenbe güni BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edarasynda açylýar. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary «Eger Ahmedinejat bu maslahata gatnaşmak isleýän bolsa, biz onuň ýoluny bekläris öýdemok» diýdi.
XS
SM
MD
LG