Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Türkmenistan üçin nusgamy?


Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň soňky wagtlarda kem-kem güýjeýändigi bellenilýär. Hytaý Halk Respublikasy häzir ykdysady ösüş taýdan dünýäde ýokary orunda durýar. Ol ýakynda eksportda Germaniýadan ozup, birinji orna geçdi.

Günbatar maliýe krizisi zerarly agyr zyýana uçranda, Hytaý ýeňiji bolup çykdy. Şol sebäpden bu ugurda ondan öwrenere, onuň tejribelerinden peýdalanara köp zatlaryň bardygyna şübhe ýok.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň geçen 10 ýyllykda 40 essä golaý artandygy we geçen ýylda 1,5 milliard dollara golaý bolandygy bu gatnaşyklaryň barha artýanlygyny görkezýär.

Türkmemistan üçin mümkinçilik

Türkmemistan bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady gatnaşykda esasy roluň ýangyç-energetika pudagyna degişlidigi belli zat. Pekin ykdysady ösüşini peseltmän, ony iň bolmanda häzirki derejesinde saklamagy isleýär. Şol sebäpden oňa nebit-gaz gerek. Şu nukdaýnazardan, ol Türkmenistan üçin öz gazyny satmaga müşderi we mümkinçilik bolup durýar.

Ýaňy tamamlanyp, ulanmaga berlen gaz geçiriji iki tarap üçin-de bähbitli. Onuň syýasy ähmiýeti hem uly. Türkmenistan babatda aýdanyňda, ol Orsýetiň gysajyndan çykmaga o diýen güýçlu bolmasa-da, garaz, mümkinçilik boldy.

Görelde edinmeli ýurt däl…

Ýöne Hytaý hemme babatda yzyna eýerilip, görelde edinmeli ýurt hem däl. Häzir ykdysady taýdan ilerlese-de, onuň edil şu ugurda çözülmän ýatan gaty köp problemalary bar. Ilatynyň san başyna düşýän girdejiler boýunça ol dünýäniň garyp ýurtlarynyň hatarynda. Ýurtda jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň arasyndaky tapawut diýseň ýokary, ol gitdigiçe-de artýar. Ilatyň kiçeňräk topary gün-günden baýasa, uly topary barha garyplaşýar.

Muny Hytaýyň dolandyryjy kommunistik partiýasy hem bilýär. Ýöne ol muňa çözgüt welin tapanok. Bu aýdylanlar diňe ýöne ýurduň guwanjy bolan ykdysadyýetini alanyňda şeýle. Demokratiýa, adam hukuklary, söz azatlygy ugrundaky problemalaryň sany bolsa sanardan köp diýseň hem boljak.

Türkmemistandan gowuşýan habarlarda hytaýly hyzmatdaşlaryň kämil hünärmenleri taýýarlamaga goldaw bermäge taýýardygy, geljekde türkmen talyplarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa iberilmeginiň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.

Elbetde, bilim üçin dünýäniň niresine bolsa-da gidilip bilner. Emma hytaýly talyplaryň özleriniň öz ýurtlarynda talabalaýyk bilim alyp bilmän, Günbatara gidýändiklerini göz öňünde tutanyňda, türkmen prezidenti ýaşlary okuw üçin Günbatara ibermegiň aladasyny etse, has gowy bolardy diýdirýär.
XS
SM
MD
LG