Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz sudy Eýran injenerini ABŞ-a bermekden ýüz öwürdi


Fransuz sudy Eýran injenerini ABŞ-a bermekden ýüz öwürdi. Amerikan häkimiýetleri injeneri Eýran bilen bagly sanksiýa režimini bozmakda aýyplaýar.

“37 ýaşly Mejit Kawakand internet arkaly amerikan elektron enjamlaryny satyn alyp, şol tehnikanyň soň Eýrana aşyryljakdygyny gizläpdir” diýlip, amerikan sülçüleriniň hatynda bellenýär.

Emma Pariždäki sudýalar Kawakandyň hereketleri fransuz kanunçylygyny bozmaýar, şonuň üçinem ony ýurtdan çykarmaga esas ýok diýip, hasap edýär.

Bu karara ABŞ-nyň Adalat ministrligi nägiledigini bildirdi.
XS
SM
MD
LG