Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabulda bolan partlamada jemi 18 adam heläk boldy


Kabulda partlama boldy

x
Kabulda partlama boldy
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00
Sişenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulda janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylan partlamada jemi 18 adam heläk boldy. Olaryň altysy NATO güýçleriniň agzasy.

Bu waka partlaýjy madda ýüklenen maşyn arkaly amala aşyryldy.

Partlama NATO güýçleriniň esgerleri geçip barýarka ýoluň gyrasynda emele geldi.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi wakada heläk bolan adamlaryň köpüsiniň parahat ýaşaýjylardygyny we azyndan 47 adamyň hem şol partlamada ýaralananlygyny habar berdi.

Kabulyň Polisiýa departamentiniň başlygynyň orunbasary Halil Dastýar Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda şol wakada ölenleriň arasynda azyndan 5 amerikaly esgeriň hem bardygyny aýtdy.

Talyplaryň metbugat wekili Zubihyll Mujahit bu partlamanyň özleri tarapynan amala aşyrylanlygyny öňe sürüp, şol hüjümde azyndan 750 kilogram partlaýjy maddanyň ulanylanlygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG