Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtly wengerler üçin goşa raýatlylyk giriziler


Wengriýanyň parlamenti daşary ýurtlarda ýaşaýan etnik wengerler üçin ikinji graždanlyk bermek baradaky kanun proýektini tassyklady.

Şol dokumente laýyklykda daşary ýurtlarda ýaşaýan wengerler öz aňyrsynyň wengerdigini hem wenger dilini bilýändigini subut edip bilse, Wengriýanyň graždanlygyny alar.

Şol adamlaryň geljekde wenger saýlawlaryna gatnaşyp, ses bermek meselesi heniz çözülmändir.

Wengriýanyň bu hereketi eýýäm Slowakiýada protest döretdi. Bu ýurduň ilatynyň 10%-e golaýy etnik wengerlerdir.

“Budapeştiň planlary milli howpsuzlygymyza wehim salýar” diýip, Bratislawada hasap edýärler.

Slowakiýa ýolbaşçylarynyň pozisiýasyny wenger parlamentiniň Halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Jolt Nemet şeýle kommentirleýär: “Bu aýdylýanlar Slowakiýadaky saýlaw kampaniýasynyň bir bölegi. Slowakiýa hakyky howp wenger graždanlygy institutyndan däl-de, onuň häzirki liderleriniň syýasatyndan abanýar”.
XS
SM
MD
LG