Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda fotohabarçy üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Eýranda ýerli agentligiň fotohabarçysy geçen ýylky prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy oppozisiýanyň geçiren aksiýalarynyň dargadylyşyny surata düşüreni üçin üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Prezident Ahmedinejadyň aýbyny açýan suratlary ýaýradýandygy üçin eýranly Seýidi başga bir suratçy bilen bilelikde 2009-njy ýylyň iýul aýynda tussag edilipdi. Biraz soň girew goýup azatlyga çykypdy.

Basylanyň Eýranyň uly habar serişdelerinde 20 ýyl gowrak işländigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG