Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň aýyplamasyny Döwlet departamentiniň wekili kommentirledi


Halkara atom energiýasy gullugy özüniň iki inspektorynyň garşysyna Tähranyň töhmet atmakda toslan aýyplamasyny ret etdi.

Tähran urany mundan beýlägem baýlaşdyrmak üçin ýadro çig malyny ýygnamagy dowam etdirýär - diýip, Eýran ýalan sözlemekde HAEG-iň iki spesialistini aýyplady.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Filip Krowly Eýranyň hereketini şeýle kommentirledi: “Eýranyň bu ädimi alada döredýär. Bu Tährana mahsus häsiýet, ol köpden bäri inspektorlary gorkuzmaga synanyşýar. Eger HAEG bilen hyzmatdaşlykdan ýüz öwürse, ol Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly diňe halkara jemgyýetçiliginiň aladasyny artdyrar” diýip, Krowly aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi ýakynda HAEG-iň materiallaryna esaslanyp, Eýrana garşy sanksiýalary güýçlendirdi.
XS
SM
MD
LG